Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Kerkiniň howa menziliniň gurluşygy dowam edýär
Ýazylan wagty: 18 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
   Kerki şäherinden uzak bolmadyk ýerde sagatda bir ýüz adama hyzmat etmäge niýetlenen täze howa menziliniň gurluşygy dowam edýär. Ony «Gündogdy» hususy kärhanasynyň hünärmenleri bina edýärler.

  Bu möhüm gurluşyk üçin iki ýüz gektar ýer bölegi bölünip berildi. Onuň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy iki müň ýedi ýüz metre, ini altmyş metre barabar bolar. Uçarlardan başga-da, howa menzilinde dikuçarlar üçin hem dört sany meýdança gurulýar. Uçuşlary dolandyrmak üçin beýikligi otuz metr boljak diň galdyrylar. Ýolagçylar üçin niýetlenen jaý bir müň ýedi ýüz otuz inedördül metr meýdany tutar. Bulardan başga-da, kömekçi binalar hem gurlar. Olaryň hatarynda ýolagçylaryň we howa menziliniň işgärleri üçin ýeňil ulaglaryň duralgasy, awtobus duralgasy, ýangyç guýujy bölüm, içimlik we beýleki niýetler üçin ulanyljak suw üpjünçilik ulgamy we beýlekiler bolar.

  Howa menziliniň işini üpjün etjek, şol sanda uçuşlary dolandyrmak we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gerekli enjamlary Türkmenistanyň öňden bäri gelýän hyzmatdaşy bolan «Thales» fransuz kompaniýasy amala aşyrar.

   Howa menzilini 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga tabşyrmaklyk göz öňünde tutulýar. Şondan soň diňe bir Kerki etrabynyň däl-de, Halaç, Hojambaz, Döwletli we Köýtendag etraplarynyň ýaşaýjylary üçin hem howa ulaglarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin welaýat merkezine gitmegiň zerurlygy aradan aýrylar. Ondan başga-da, bu ýerde daşky gurşaw bilen özboluşly sazlaşýan binagärlik toplumy emele geler.

 Bu «Gündogdy» hususy kärhanasynyň bina etmäge gatnaşýan ikinji howa menzilidir. Mundan bir ýarym ýyl töweregi ozal onuň hünärmenleri Türkmenabat halkara howa menziliniň gurluşygyny hem alyp barypdylar.
Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07792 sek. ýüklenen baýt: 31189