Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Saçaklaryňyz doly bolsun!
Ýazylan wagty: 18 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
Saçaklaryňyz doly bolsun!
  Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde un we çörek öndürýän kärhananyň ulanylmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda ildeşlerimiziň toý şatlygyny goşalandyrdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ýurtgeldi Şükürowa degişli bolan täze kärhananyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň käbiri özleriniň ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdiler.
    Jeýhun SAPARGULYÝEW, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy:
    — Un we çörek öndürmäge niýetlenen bu kärhanada öz topragymyzda ýetişdirilýän guşgursak ak bugdaýyň gaýtadan işlenip, ýokary hilli önümleriň öndüriljekdigi begenjimizi has-da goşalandyrýar.
    Aslynda, bu ýerler ak bugdaýyň asyl mekanydyr. Gadymy Änew topragynda geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylara, taryhy maglumatlara nazar aýlasak, ata-babalarymyzyň has irki döwürlerde ekerançylyk bilen meşgullanandyklaryna, dänäniň bol hasylyny ýetişdirendiklerine göz ýetirýäris. Pederlerimiziň baý daýhançylyk däpleriniň häzirki eşretli günlerimizde dowam etdirilmegi we kämilleşdirilmegi bizi has-da begendirýär. Şu ýylda welaýatymyzyň gallaçylarynyň 209 müň gektarda ýetişdiren bugdaýyndan dokmaňyz dänäniň 450 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna goşmaklary we ýurdumyzda ilkinji bolup, bu babatdaky şertnamalaýyn borçnamany berjaý etmekleri hem bu topragyň bereket-bolçulygynyň alamatydyr.
    Iri önümçilik kärhanalaryny gurmak boýunça telekeçilere berýän goldaw-hemaýatlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.
    Yhlas SAPAROW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni:
    — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda etrabymyzyň çäginde dürli maksatly desgalaryň yzygiderli işe girizilmegi bagtyýarlykdan nyşandyr.
    Täze kärhananyň önümçilik desgasyna aýlanyp, giň mümkinçilikleri bilen tanyşmak miýesser etdi. Bu ýerde däne saklamaga niýetlenen elewatorlaryň, dänäni gaýtadan işläp, un taýýarlaýan we taýýar önümi dürli göwrümli haltalara gaplaýan enjamlaryň aýratynlyklary uly gyzyklanma döretdi.
    Täze kärhananyň işe girizilmegi bilen, etrabymyzyň ýaşlarynyň 50-si üçin iş orunlary döredi. Kärhana bilen tanyşlygymyzyň barşynda ýaşlaryň ýokary tehnologiýalara erk edişini buýsanç bilen synladyk. Olaryň tagallasy bilen öndürilýän unuň saçagymyza bereket bolup doljagyna buýsanýarys. Geljekde bu ýerde çörek önümçiligi boýunça desganyň hem guruljakdygyny eşidenimizde, şatlygymyz goşalandy.
    Ýurtgeldi ŞÜKÜROW, telekeçi:
    — Hormatly Prezidentimiz telekeçilige giň ýol açyp, hususy pudagyň wekillerine öz işiniň gerimini giňeltmäge mümkinçilikleri döretdi. Telekeçiler şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp, netijeli işleri alyp barýarlar. Men hem şeýle goldawlardan peýdalanyp, telekeçilige baş goşmagy ýüregime düwdüm. Munuň üçin özüme bölünip berlen 3 gektar meýdanyň bir böleginde şu kärhanany gurdurdym. 
    Şu gün welaýat häkimi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda işe girizilen önümçiligiň birinji tapgyry un öndürmäge niýetlenendir. Desganyň önümçilik bölüminde Türkiýeden getirilen ýokary tehnologiýalar oturdyldy. Bu enjamlar bugdaýy degişli talaplara laýyklykda gaýtadan işläp, ýokary hilli uny öndürmäge mümkinçilik berýär. Taýýar önümi dürli göwrümli haltalara gaplamaga niýetlenen enjamlar hem giň mümkinçilige eýedir.
    Önümçiligimiziň ýyllyk kuwwaty 93 müň tonna ýokary hilli un öndürmäge niýetlenendir. Geljekde önümçiligiň ikinji tapgyrynda çörek öndürmek boýunça desgany gurmagy maksat edinýäris. Bu desganyň gurlup, işe girizilmegi bilen, kärhanada ýylda 10 müň tonna çörek öndürmäge şert dörär. Biz — telekeçilere berýän goldaw-ýardamlary üçin hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarys.

Çeşme: http://metbugat.gov.tma
Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09124 sek. ýüklenen baýt: 34080