Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
MEKDEP HARYTLARYNYŇ BOLÇULYGY
Ýazylan wagty: 18 сентября 2019 Ýazan NEXTTM


  “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň şu ajaýyp günlerinde  ýurdumyzyň ak bazarlary we söwda nokatlary haryt bolçulygyna beslenýär. Bazarlaryň ýanynda mekdep harytlarynyň dürli görnüşlerini özünde jemleýän ýörite bölümleriň hereket edip başlamagy ak bazarlarda söwdanyň gyzyşmagyna özboluşly itergi boldy. 
Täze, 2019—2020-nji okuw ýylynyň başlanmagyny bilen giň gerim alan mekdep bazarlary harytlaryň köp görnüşliligi bilen uly gyzyklanma eýedir. Munuň şeýledigine welaýat merkezindäki “Ak bugdaý” bazarynyň ýanynda işe başlan mekdep bazaryna baranyňda hem göz ýetirýärsiň. Welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Änew alyjylar jemgyýetine degişli bolan bu bazarda söwda barha gyzyşýar. Täze okuw ýylyna taýýarlykly barmak we mekdep okuwçylaryna gerekli okuw esbaplardyr harytlary bilen üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp  döredilen mekdep bazarynda alyjylara medeniýetli we göwnejaý hyzmat edilýär.
  Mekdep bazaryny okuwçy ýaşlara zerur gerek bolan mekdep esbaplarynyň, lybaslarynyň we beýleki harytlaryň örän köp dürli görnüşi bezeg goşýar. Mekdep okuwçylarynyň lybaslary aýratyn bölümde ilata hödürlenýär hem-de olar hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň önümleri bolan şol lybaslara isleg diýseň ýokarydyr. Dokmaçy gelin-gyzlar tarapyndan nepislik bilen ýerine ýetirilen okuwçy oglan-gyzlara niýetlenen tahýalar bu bölüme aýratyn bezeg goşýar. 
Mekdep bazaryndan depderleri, surat çekilýän albomlary, gündelikleri, reňkli kagyzlary, görkezme esbaplary we beýleki gollanmalary elýeterli bahalardan satyn alyp bolar. Şol harytlaryň aglaba görnüşi ýurdumyzyň önümleridir. Olaryň bezeg işleri özüne çekijiligi bilen alamatlanýar. Ene-atalary bilen bazara gelýän okuwçy ýaşlar şol harytlary uly isleg we gyzyklanma bilen satyn alýarlar. 

Okalan sany: 35   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05620 sek. ýüklenen baýt: 30670