Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Kämil tehnologiýalara daýanyp
Ýazylan wagty: 18 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
  Türkmenistanyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna innowasiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen ykdysadyýetde we medeniýetde ösüşleriň we özgerişleriň täze menzillerine ýetilýär. Dünýäde ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginlerde ösýän häzirki zaman şertlerinde innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli peýdalanylmagy ýurdumyzyň ösüşinde ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda goýulýar. Ýurdumyzyň täze gurulýan önümçilik desgalarynyň ählisiniň hem dünýäde ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, dünýäniň iň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen häzirki zaman kämil tehniki enjamlary bilen üpjün edilmegi milli önümçiligiň kuwwatlylygyny birnäçe göterim ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Şunda sanly ykdysadyýetiň üpjün edilmegi möhüm orny eýeledi. Sanly ykdysadyýet internet-söwdany şeýle-de içerki öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrdy. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasynyň ösüşini höweslendirmek, bu ulgamyň jemi içerki önümiň öndürilişine täsirini artdyrmak, welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň ilatynyň durmuşynda internet üpjünçiligini ýokarlandyrmak babatda  uly işler bitirildi.
Berkarar ýurdumyz dünýäniň elektrik aragatnaşyk ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny amala aşyrýan guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Bazar giňişliginiň globallaşmagy hem-de maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasy strategik serişde hökmünde maglumatlaryň netijeli peýdalanylmagyna esaslanýar. Şunda maglumatlardyr bukjalar arkaly gepleşik geçirmek, wideoşekiller arkaly gatnaşyklary ýola goýmak  mümkinçiligi has-da ýokarlanýar. Ýurdumyzda transmilli sanly aragatnaşyk geçirijileriniň çekilmegi dowam edýär, bu bolsa dürli maglumatlara elýeterliligi gowulandyrmaga ýardam edýär. Sanly ykdysadyýet – sanly tehnologiýalara esaslanýan, elektron işewürligi we elektron söwda bilen bagly bolan, öndürilen harytlary we hödürlenýän hyzmatlary ýerlemek ugrunda alnyp barylýan ykdysady işi hem öz içine alýar.
Şunda elektron söwdany kadalaşdyrmak, ýurdumyzyň bank edaralaryny dünýäniň elektron tölegler ulgamyna birikdirmek, ilatyň we telekeçileriň sanly tehnologiýalar babatda bilimlerini artdyrmak, elektron söwdany ösdürmek, infrastrukturany we logistikany ösdürmek babatda bitirilen işler meýilleşdirilen çäreleriň esasyny düzýär. Elektron söwda, we onuň oňaýly täsiri diňe bir işewürlik ik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň gaýtadan işleýän pudaklaryň sanly innowasion esasda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagynda, önümçilik düzüminiň kämilleşdirmeginde möhüm ähmiýeti bolan ykdysady strategiýasynyň üstünlikli berjaý edilmegi bu ugurlardaky işleriň netijeliligini has-da artdyrdy. Şunda baý tebigy serişdelerimiziň binýadynda köp dürli we bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberlerini artdyrmak wezipeleri hem üstünlikli çözgüde eýe boldy.
         Häzirki wagtda berkarar Diýarymyzda senagat kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak,  daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Aýratyn hem  himiýa we dokma senagaty, gurluşyk materiallary, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ýaly ulgamlary örän çalt depginlerde ösdürilýär.  Şeýlelik-de, milli sanly ykdysadyýetiň halkara işewürligiň içerki we daşky gurşawuna oňaýly täsiri barha artýar. Internetiň kömegi bilen türkmen telekeçileri, şeýle hem döwlet eýeçiligindäki önüm öndürijiler, zawoddyr fabrikler halkara derejesindäki belli kompaniýalaryň, daşary ýurtly telekeçileriň, maglumatlaryň üsti bilen öz önümlerini dünýä bazarlaryna çykarýarlar. Ýurdumyzyň harytlarynyň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde ýurdumyzdaky ilkinji hususy mikrobiologiýa barlaghanasy ulanmaga berildi. Ol dünýäniň bu ugurdaky iň täze enjamlary bilen üpjün edilendir. Onda iýmit önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara ölçegleri boýunça ygtyýarlandyrmak üçin bu önümleriň garaşsyz seljermesi geçirilýär.  Barlaghananyň esasy maksady ýurdumyzyň önümlerini ygtyýarlandyrmak hem-de daşary ýurtlara iberilmegini ýola goýmak üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdyr. Munuň özi milli Liderimiziň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak baradaky maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, möhüm ähmiýete eýedir.

Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07986 sek. ýüklenen baýt: 33824