Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan – beýik ösüşler ýurdy
Ýazylan wagty: 18 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
Türkmenistan – beýik ösüşler ýurdy

      Bitarap Türkmenistanyň kuwwatly ösüşlerini dabaralandyrýan ýokary hilli, ähli üpjünçilik düzümleri bolan döwrebap ýaşaýyş–durmuş bilen bagly tutuş toplumlaryň döredilmegi, şäherlerimizde we obalarymyzda düýpli gurluşyklaryň giň gerimli amala aşyrylmagy, ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa ornaşdyrýan ägirt uly özgertmeler syýasatynyň esasy özenini düzýär.  Häzirki wagtda ýurtda örän çalt depginlerde amala aşyrylýan köpugurly işler her bir türkmenistanlynyň döwlet we pudaklaýyn maksatnamalarda bellenilen meýilnamalary, şeýle hem şahsy maksatlaryndan başlap, maşgala meýilnamasyny üstünlikli berjaý etmäge bolan hyjuwyny has-da artdyrýar.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň artdyrylmagy bilen berkarar Diýarymyz gurmagyň we döretmegiň kämil ýolundan bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze döwrebap etraplar, şäherçelerdir obalar emele getirildi, öňden bar bolanlaryň durky düýpli täzelenýär. Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler we çagalar öýleri, lukmançylyk merkezleri we medeniýet köşkleri, stadionlar we şypahanalar, sanly awtomatiki telefon ulgamlary, beýleki durmuş-ykdysady desgalar batly depginlerde gurulýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakyndaky» Karary hem-de Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze şäherçeleri gurmak hakyndaky resminamalary bulara aýdyň mysaldyr. Bu möhüm ähmiýetli Kararlara gol çekilmegi ähli halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy. Geçen sanlyja ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, örän baý tebigy serişdeleri okgunly özleşdirmek hem-de halkara ähmiýete eýe bolýan ulag ulgamyny işjeň ösdürmek, ýaşaýyş-durmuş bilen baglanyşykly düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Şeýlelikde durmuşa ornaşdyrylýan iri maksatnamalaryň netijesinde welaýatlary ösdürmek bilen bagly wezipeler üstünlikli çözgüde eýe boldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarydyr etrap merkezlerine şäherleridir obalaryna baranyňda kaşaň gurlan köp gatly ýaşaýyş  we durmuş ulgamynyň edaralardyr mekdepleriň çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň täze binalaryna, döwrebap gurlan şaýollaryna gözüň düşýär. Olaryň ählisi hem dünýäniň iň täze tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Ynha, şol ýaşaýyş jaýlaryna her ýylda bagtyýar türkmenistanlylaryň müňlerçesi göçüp barýar, durmuş maksatly binalarda zähmet çekýärler, saglygyny bejerdýärler. Paýtagtymyzy we welaýatlary özgertmek, köpugurly düýpli gurluşyk taslamalary boýunça uly möçberli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy milli Liderimiziň başyny başlan oňyn özgertmeleriniň aýdyň netijeleridir. 
       Ýurdumyzda durmuş ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar, Bu ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagy, ösüşi işçi güýçleriniň artdyrylmagyna, ýagny iş ýerleriniň köpelmegine hem oňyn täsir edýär.  Umumy bahasy ABŞ-nyň 2,3 milliard dollaryna barabar bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we onuň desgalarynyň gurluşygyna badalga berilmegi hem onuň gurluşygynyň alnyp barylmagy berkarar Diýarymyzda yglan edilen “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Aşgabatdyň Bagtyýarlyk etrabynda 2020-2030-njy ýyllarda gurulmagy meýilleşdirilýän tutuş şäherçäniň – edara we jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň taslamalary hem türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny şertlendirýär. Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen ata Watanymyzda amala aşyrylýan iri möçberli köpugurly taslamalar, gazanylýan uly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bu gün her bir türkmenistanlynyň durmuşyna oňyn täsir edýär, döwrüň öňegidişliklerine bolan buýsanjyny artdyrýar. 

Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13741 sek. ýüklenen baýt: 33538