Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Halkara bäsleşikler: okuwçylar 136, talyplar 29 medal
Ýazylan wagty: 19 сентября 2019 Ýazan Mekanjan
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 13-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow döwlet Baştutanyna türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň şu ýylyň sekiz aýynda halkara bäsleşiklerde gazanan netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatda hem aýdylyşy ýaly, Türkmenistanyň mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 136 medal (33 altyn, 31 kümüş we 72 bürünç), internet bäsleşiklerinde 108 medal (52 altyn, 22 kümüş, 34 bürünç) gazandylar. Türkmenistana wekilçilik eden talyplar halkara ders bäsleşiklerinde 29 medala (5 altyn, 10 kümüş, 14 bürünç) we 23 diploma, halkara internet bäsleşiklerinde 153 medala (30 altyn, 64 kümüş, 59 bürünç) we 67 diploma mynasyp boldular.

Bu gazanylan üstünlikleriň birnäçesi Turkmenportalyň habarlarynda hem beýan edildi.
Okalan sany: 15   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06313 sek. ýüklenen baýt: 29390