Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Inersiýa filosofiýasy. (material bn manynyň arasyndaky baglanşyk)
Ýazylan wagty: 19 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
   Inersiýa hadysasyny daş töwerekde köp görýäs. Gidip barýan poýezd birden tormoza basyla ol durman öňki ýagdaýyny dowam edip belli bir wagtdan soň durýar. Gidip barýan awtoulag birden tormoza bassa içindäki oturan adamlar öňe zyňylýar ýagny öz hereketini belli bir derejede dowam etdirýär. Gidip barýan poýezdden aşak bir adam bökse, ol ýere düşen badyna durmaýar, öňki tizligini saklamaga ymtylýar togarlanyp gidýär. Şol bir wagtyň özünde hereketsiz duran zady birden hereket etdirjek bolsaň bolmaýar, sebäbi başdaky dynçlykdaky hereketsiz ýagdaýyny saklamaga ymtylýar. Ýagny bärde bir göze görünmeýän garşylyk özüni görkezýär. Ýalňyşmasam mekdepde fizika sapagynyň ilkinji temasy “inersiýa” dy öýdýän. 

Inersiýa hökman fizikada däl adamyň pshikasynda hem özüni görkezýär. Hakykatlardan bihabar ertekilere ynanyp ýören bir adama hakykatlary birden görkezseň ol şok geçirýär. Başdaky ertekiler dünýäsini saklamaga ymtylýar. Inersiýa. 

Wklýuçateli “şyrk” edip basan badymyza çyranyň dessine ýanyşy ýaly bir zady dessine öwrenip bolmaýar. Bir ukyp bir başarnyk edinjek bolsaň, inersiýa hadysasy öňüňden çykýar. Ýagny birden “häh” diýeniňden “mäh” bolanok. Öňki ukypsyz döwrüň şol döwrüni saklajak bolýar bir bada. Poýezdiň dynç ýagdaýda durka dynçlyk ýagdaýyny saklajak boluşy ýaly.

Aslynda bärde çyranyň ýanmasy hem dessine bolup geçenok. Wagt sistemasyny sekuntda dälde sekundyň mysal üçin müňde bir böleginde çyra ýanýança epesli ýol geçilýär. Wklýuçatelden tok hereket edip çyra barýança sekundyň müňde bir ülüşlerinde epeslije wagt geçer. Şol wagt sistemasyna görä epesli wagt geçer. Başga wagt sistemasyna görä bizem gaty çalt hereket edýänçi bolýarys. Bu paradoks däl bu wagt sistemalaryň arasyndaky tapawut. Dürli wagt sistemasynda inersiýa özüni dürli görkezýär. Gysgaça aýtsak “häh” diýeniňden “mäh” ýokda garaz. 

Jemlesek, fizikadaky kanunlar özüni manyda ýabolmasa filosofiýada pikir oruweninde özüni görkezmesi geň ýagdaý. Fizikadan ugur alyp manyda bir açyş edip bolmagy mümkin. Fizikada tapylan çözgüdi manyda ullanyp bolmagy mümkin konwertirläp.

 

“Ýöne.... bärde bir geň ýagdaý bar..... sistemany üýtgedip inersiýany gaty ujypsyz derejä eltip bolmagy mümkin...........” 
Okalan sany: 15   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05728 sek. ýüklenen baýt: 31854