Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENDI
Ýazylan wagty: 20 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
    Şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňisyrasynda ýene bir şatlykly waka boldy ýagny Ahal welaýatynda Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçildi. Bu sene mynasybetli Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde welaýat derejesinde geçirilen dabara has köp adamly boldy. Ony welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi bilelikde gurady.
     Dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdyldy. Çykyş edenler Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününiň bilelikde uludan toýlanylmagynyň ähmiýetini bellediler hem-de täze taryhy döwrümizde bu ulgamlarda  guwandyryjy üstünlikleriň gazanylýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Bu bolsa, ata Watanymyzyň günsaýyn gülläp ösmegine özboluşly itergi bolýar. 
     Gutlag sözlerinden soňra, toýuň arzyly myhmanlaryna — gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudagynyň öňdebaryjy işgärleriniň uly toparyna baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi dabara baý many öwüşgin çaýyp, seýilgähiň toý ruhubelentligini belende göterdi. Esasy sahnada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar göwün göteriji häsiýeti bilen, ol ýere ýygnananlaryň kalbyny heýjana getirdi.
    Welaýatyň Medeniýet müdirliginiň we etraplaryň medeniýet merkezleriniň aýdym-saz, tans-halk döredijilik toparlarynyň hoş owazly çykyşlarynda bagtyýar döwrümiziň, ata Watanymyzyň, Arkadag Prezidentimiziň tutumly işleriniň, zähmet adamlarynyň  waspy öz beýanyny tapdy. Şatlyk-şowhunly, joşgunly çykyşlaryň her biri dowamly elçarpmalar bilen garşylandy. 

Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05377 sek. ýüklenen baýt: 30559