Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Oňat jora (Hekaýa)
Ýazylan wagty: 20 сентября 2019 Ýazan NEXTTM

   On ýa­şy­myň dol­ma­gy­na az wagt ga­lyp­dy. Iki bel­gi­li ýaşa ga­dam bas­ýar­dym. Men aja­ýyp dog­lan gü­ni bel­le­me­gi ýü­re­gi­me düw­düm. Öý işi dep­de­ri­miň soň­ky sa­hy­pa­syn­da ýyg­nan ça­ky­lyk­la­rym ýakyn bir­nä­çe dost­la­ry­myň ady bi­len baş­lan­ýar­dy. Ýö­ne dog­lan gü­nüm go­laý­la­dy­gy­ça ça­ky­lyk­da­ky ýe­di gy­zyň sa­ny on ýe­dä ýet­di. To­pa­rym­da­ky hem­me gyz­la­ry dog­lan gü­nü­me ça­gyr­ma­gy ýü­re­gi­me düw­düm. Ola­ryň hem­me­si-de şol gi­je bi­ze ýa­tym­lyk gel­me­li­di­ler. Hem­me­le­riň ça­ky­ly­gy ka­bul et­me­gi bol­sa, me­ni has-da be­gen­di­rip­di. Ol gi­je bi­ri-bi­ri­mi­ze gor­ku­ly er­te­ki­le­ri aý­dyş­ma­ly­dyk, üý­şüp piz­za iý­me­li­dik, şeý­le-de men bir­to­par sow­gat­lar al­ma­ly­dym. Ber­len sow­gat­la­ryň için­de bi­ri­niň me­niň üçin örän uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny men soň-soň­lar bi­lip gal­dym.
Myh­man ja­ýy­myz ja­gyl­da-ju­gul­dy. Gül­şüp-de­giş­ýär­dik. Öýüň içi-de gaý­da-gaý­ma­la­şyk­dy. Ga­py ka­ky­lan­da “Twis­ter-1” oý­nu­ny ta­mam­lap, “Lim­bo-2” oý­nar ýa­ly ýer ta­ýyn­la­ýar­dyk. Ga­py­ny ejem aç­dy. Iň ýa­kyn jo­ra­la­ry­myň ýa­nym­da bo­la­ny üçin ki­miň ge­le­ni­ne ün­sem ber­me­dim.
Ejem:
– Ju­dy, bir mi­nut gel­se­ne? – di­ýip gy­gyr­dy.
  Nä­gi­le­lik bil­di­rip, ga­pa ýö­nel­dim. “Şeý­le aja­ýyp pur­sat­da me­ni bi­ra­hat et­mä­ge kim het edip bil­di­kä? Eý-ho, meş­hur bol­ma­gam aň­sat zat däl eken” di­ýip ga­pa go­laý bar­dym.
Dälizden öw­rü­le­nim­de, ga­py­nyň öňün­de ga­ra­şyp du­ra­ny gö­rüp, çym gy­zyl bol­dum. Ol ýer­de saz sa­pa­gyn­da gap­da­lym­da otur­ýan ýu­waş, ýum­şak hä­si­ýet­li Sa­rah West­li dur­dy. Elin­de-de sow­gat bar­dy.
Kel­lä­me öý işi dep­de­ri­miň yzyn­da bel­län at­la­rym gel­di. Ýog­sa-­da, men nä­dip Sa­ra­hy ýat­dan çy­kar­dym­kam?
Eý­sem-de bol­sa, men di­ňe özüm bi­len gy­zyk­lan­ýan adam­la­ryň at­la­ry­ny ça­ky­ly­ga go­şa­nym ha­ky­da­ma gel­di. Sa­rah bol­sa, hiç wag­tam me­niň bi­len gy­zyk­lan­man­dy. Ýag­ny dog­lan gü­nüm ba­ra­da men­den hiç zat so­ra­man­dy. Gü­nor­tan­ky ara­kes­me­de üý­şüp na­har­lan­ýan wagt­la­ry­myz bi­ze kän bir go­şul­ma­ýar­dy. Ýö­ne bir ge­zek te­bi­gy bi­lim­ler üçin taý­ýar­lan tas­la­ma­my syn­pa äki­de­nim­de torbamy gö­te­ri­şip­di.
Ýal­ňyş­ma­sam, dog­lan gü­ne ça­gyrt­jak bo­lup ala­da gal­man­dy­gy üçin, ony ça­ky­ly­ga goş­ma­gy unu­dyp­dy­ryn. Sow­ga­dy­my al­dym-da, ony içe­rik ça­gyr­dym. Ol bol­sa, ýe­re se­re­dip:
– Gi­rip otur­ma­ýyn, ma­şyn­da ma­ňa ka­kam ga­raş­ýar – diý­di.
– Bäş mi­nut­jy­gam bol­sa, gi­räý-dä! – di­ýip ýal­bar­dym. Ony ýa­dym­dan çy­ka­ra­ny­ma ga­ty utan­dym we öýe gi­rip beý­le­ki­le­re go­şul­ma­gy­ny is­le­dim.
– Min­net­dar, ýö­ne, çyn­da­nam men git­me­li – di­ýip, ga­pa ta­rap ýö­nel­di.
– Du­şen­be gü­ni du­şu­şa­rys – diý­di-de, çy­kyp git­di.
  Sa­ra­hyň ge­ti­ren sow­ga­dy bi­len onuň yzyn­dan se­re­dip gal­dym. Özü­mi uly bir gor­pa ga­çan ýa­ly duý­dum.
Sow­ga­dy­ny bol­sa, otur­yly­şyk­dan, oýun­lar­dan, piz­za­lar­dan, gor­ku­ly he­ka­ýa­tlar­dan we hor­rul­dy­lar­dan bir­nä­çe wagt ge­çen­den soň aç­ma­ga gur­ba­tym çat­dy.
Ahy­ram sow­ga­dy aç­dym. Için­den guý­ru­ja­gy dik­ge­rip du­ran owa­dan­ja pi­şik çyk­dy. Pi­şik­le­ri kän bir ha­la­ma­ýa­nam bol­sam, me­niň üçin ol gün­ki alan sow­gat­la­ry­myň için­de iň go­wu­sy şol­dy. Soň-soň­lar pi­şi­je­gi­miň Sa­ra­hyň öz pi­şi­gi Seý­mou­ra meň­ze­ýän­di­gi hak­da­ky pi­kir aňym­da aý­lan­dy dur­dy.
Şol wagt­lar dü­şün­me­sem-de, in­di dü­şün­ýä­rin. Sa­rah örän we­pa­ly dost­dy. Beý­le­ki gyz­la­ryň me­ni ýal­ňyz goý­ýan pur­sat­la­ryn­da, Sa­rah el­my­da­ma me­niň ýa­nym­da­dy. Ol he­mi­şe ma­ňa golt­gy be­rer­di. Ol ma­ňa dü­şün­ýän, güýç-kuw­wat ber­ýän, şeý­le-de me­ni ýü­re­gi bi­len söý­ýän ýe­ke-täk joram­dy.
Sa­ra­hy otu­ry­ly­şy­ga ça­gyr­man­dy­gym üçin he­niz-he­niz­le­rem ör­ten­ýä­rin. Ýö­ne kä­wagt pi­kir­len­ýän we­lin, me­ge­rem, onuň ha­ky­ky dost­du­gy­ny duý­ma­gym üçin, dog­lan gü­nü­me ça­gyr­ma­gy unu­dan­dy­ryn.

Judit Börnet Şneider

Terjime eden
Zübeýda Amandurdyýewa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
Okalan sany: 27   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07851 sek. ýüklenen baýt: 35373