Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Daşoguzda jaý toýlary tutuldy
Ýazylan wagty: 20 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
   Düýün Daşoguz şäheriniň Gurbansoltan eje adyndaky köçesiniň ugrunda täze bina edilen 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýy gurlup ulanylmaga berildi. Ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan bu binany «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň ezber elli gurluşykçylary gurdular. Döwrümiziň täzeçe toý bezegleri bilen birkemsiz bezelen bu täze ýaşaýyş jaýy içgi bezegleri, çagalar üçin niýetlenen otaglarynyň amatlyklary, aşhananyň ähli enjamlar bilen enjamlaşdyrylanlygy bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Ýaşaýyş jaýynyň öňünde çagalara niýetlenen oýun meýdançasy, ulularyň boş wagtlarynda seýil etmekleri üçin meýdança bar. Şeýle-de bu ýerdäki ösüp gelýän ýaş nahallar tebigata berýän gözellikleri bilen ähli adamlarda ýakymly duýgulary oýarýar.

   Şol gün açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, elleri baýdakly, gül çemenli talyp ýaşlar, bu ymaraty bina eden gurluşykçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

  Dabaranyň dowamynda ýaşaýyş jaýyny gurmakda tapawutlanyp işlän gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Täze jaýa göçüp gelen raýatlara açar gowşurylyş dabarasy hem diýseň şatlyk-şowhunly boldy.

  Il sylagly ýaşulularyň öňüni başlap, ak pata bermegi bilen öý eýeleri täze jaýlara girip, onuň içki bezegleri, amatlyklary bilen tanyşdylar we ymaraty gurmaga gatnaşan «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň eli hünärli işçilerine çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

  Dabaranyň soňy şirin owazly medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.
Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07696 sek. ýüklenen baýt: 30845