Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Lebap welaýatynyň ýol hereketiniň ýaş gözegçileri baýrakly orunlary eýelediler
Ýazylan wagty: 20 сентября 2019 Ýazan NEXTTM
   Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary Gökderedäki «Nebitçi» çagalar dynç alyş merkezinde geçirilen «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda üstünlikli çykyş etdiler. Onda Farap etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji, Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň okuwçylary bolsa üçünji orny eýelediler.
   Bäsleşik Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Gyzylýarymaý Milli jemgyýeti we beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan ýigrimi dört topar gatnaşdy. Lebaply mekdep okuwçylary bäsleşigiň şertlerini ýerine ýetirenlerinde, gowy netijeleri görkezdiler. Olar ýol hereketiniň kadalaryny gowy bilýändiklerini, olardan dürli ýagdaýlarda peýdalanmagy başarýandyklaryny subut etdiler. Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri käbir ujypsyzja kem-käslikleri goýberdiler diýäýmeseň, ähli ýumuşlary çalt we dogry ýerine ýetirdiler, şonuň ýaly-da islendik meseläni çözmäge döredijilikli çemeleşmegi başarýandyklaryny subut etdiler.
  Portalda ozal habar berlişi ýaly, bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň netijeleri boýunça Türkmenabat şäherindäki 11-nji, Çärjew etrabyndaky 1-nji, Farap etrabyndaky 5-nji we Dänew etrabyndaky 3-nji orta mekdepleriň toparlary bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanypdylar.
Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07128 sek. ýüklenen baýt: 30400