Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Taryhda şu gün
Ýazylan wagty: 20 сентября 2019 Ýazan MisterrXXX
622-nji ýylyň 20-nji sentýabry… Hezreti Muhammet bilen Hezreti Abu Bakir Mekkeden Medinä göçýär.

1942-nji ýylyň 20-nji sentýabry… Ukrainanyň Letiçew şäherinde nemes goşunlary iki günde 3 müňe golaý ýehudini öldürýär.

1951-nji ýylyň 20-nji sentýabry… Türkiýe NATO agza bolýar.

1981-nji ýylyň 20-nji sentýabry… Eýranda 149 çepçi partizan öldürilýär.

1984-nji ýylyň 20-nji sentýabry… Beýrutdaky Amerikan İlçihanasyna guralan bombaly kamikaze hüjüminde ikisi amerikaly 23 adam ölýär. Ýaralanan 60 adamyň arasynda ABŞ-nyň we Britaniýanyň ilçileri hem bardy.

1988-nji ýylyň 20-nji sentýabry… Naim Süleýmanogly Seul olimpia oýunlarynda ştanga boýunça 6 gezek dünýä rekorduny goýýar.

2012-nji ýylyň 20-nji sentýabry… PKK terrorçylarynyň hüjümine sezewar bolan Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrap prokurory Murat Uzun dünýeden ötýär.

2014-nji ýylyň 20-nji sentýabry… Terror guramasy DAİŞ tarapyndan zamun alynan Türkiýäniň Mosuldaky konsullygynyň işgärleri we maşgala agzalary boşadylýar.

2017-nji ýylyň 20-nji sentýabry… Meksikada 7,1 bala barabar ýer titremesinde 224 adam pida bolýar.
Okalan sany: 111   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
25 сентября 2019

goodtuweleme ustunlik indikilerinize garasyas


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05967 sek. ýüklenen baýt: 30205