Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

BÄRI GEL
Ýazylan wagty: 27 декабря 2012 Ýazan Marala

             BÄRI GEL

Saňa düşdi nazarym, söýgüli janan, bäri gel,                                                                                                     Saçy müşk isli ýuwar, sünbüli-reýhan, bäri gel. 

Gül beden, gülgün reň, dony zerewşan, bäri gel.
Al ýaňak, kirpigi ok, alma zenehdan, bäri gel.
Janyňa sadka olam, bäri gel, eý jan, bäri gel!

 Gel, otur gaşymga sen, zowky-jamalyň göreli,

Gül ýüzüň şöhlesine saz bilen söhbet guraly,                                                                                                   
Dost gadyryn bileli, duşmany oda uraly,
Dünýä bäş gündür, öter, şowly-sapalar süreli,
Bu ýalan dünýä öter, ötdi-le döwran, bäri gel!
 
Kä gülüp bäri bakyp, näz bilen sallana sen,
Käte gaşyňy çytyp, her tarapa tolguna sen,
Äleme şöhle salan zülpi ajaýyp sona sen,
Öz ýüzüň şöhlesine, belki, özüň hem ýana sen,                  
Ýüregim ota ýakan ataşy-susan, bäri gel!
 
Duýmasyn sende rakyp, bir ýerde pinhan bolaly,                                                                              
Jany jan içre goşup, bir tenu-bir jan bolaly,
Maksady hasyl edip meşguly döwran bolaly,
Söýleşip bir-birimiz, ança gadyrdan bolaly,
Bäş gündür siz - bize, biz - size myhman, bäri gel.
 
Lew gysyp, gaş kakyşyp, mährem olup, gol tutuşyp.
Çolaşyp hem çyrmaşyp, ýag bile süýt deý gatyşyp,
Oýnaşyp, seýre çykyp, ak-gyzyl alma atyşyp,
Göýä bir nowça nahal dek bir-birimize ýetişip...
Kylaly gaýgy-gamy ýer bile ýegsan, bäri gel.
 
Çekerem her gijelerde ah bilen zaryň seniň,
Menden özge kim çeker derdi-azaryň seniň?
Bermenem ýüz müň tümene käkili taryň seniň,
Ak göwüňde biten alma-enaryň seniň, -
Tirmesem, ança galar janda köp arman, bäri gel.
 
Perileriň patyşasy, belli messana, gözel,
Senki bir şamug çyragy, meňki perwana, gözel,
Kalby hoş, lewzy şirin, ýüzleri nurana, gözel,
Bagry buz, sözleri uz, dişleri dürdäne, gözel,
Lewi lagyl, geýdigi al, jenneti-ryswan, bäri gel.
 
Söwdügim, her sözüňe, şirin jany bereý,
Her nuktaýy halyňa Eýrany-Turany bereý,
Her saçyň bir taryna kapyr-musulmany bereý,
Seýil kylyp bakyşyňa Balhy-Badahşany bereý,
Kylaýyn men bu jahany saňa gurban, bäri gel!
 
Uýalyp, ýere bakyp, bizden ki iba kyla sen,
Gözleýip göz içe, synama otlar sala sen,
Bir güni öldürer  sen, ahyry bu janym ala sen,
Näze rehim etmez sen, halymy özüň bile sen,                                                                         
Diýer Nepes, köňlüm alan täze gülüstan, bäri gel!


Okalan sany: 571   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06191 sek. ýüklenen baýt: 39771