Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy «Kiberhowpsuzlyk adalgalarynyň sözlügi» atly täze sözlük kitap taýýarlady
Ýazylan wagty: 08 октября 2019 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy «Kiberhowpsuzlyk adalgalarynyň sözlügi» atly täze sözlük kitap taýýarlady
  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan «Kiberhowpsuzlyk adalgalarynyň sözlügi» atly täze kitap taýýarlanyldy.

   Häzirki döwürde ýurduň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli we giň gerimli özgertmeler ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilikler döredýär. Ýurduň pudaklarynyň intemet ulgamyna birikdirilen häzirki zaman kompýuterleri, barlaghana enjamlary, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen doly üpjün edilmegi köpsanly halkara adalgalarynyň türkmen diline ornaşmagyna getirdi.

   Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen dil biliminde dürli ugurly sözlükleriň, okuw gollanmalarynyň düzülendigini belläp geçmek bolar. Halkyň dil baýlygy, dil gymmatlygy dürli görnüşli sözlüklerde jemlenendir. «Kiberhowpsuzlyk adalgalarynyň sözlüginiň» sözlük düzmek işinde toplanan baý tejribelere daýanylyp düzülmegi türkmen dilinde maglumat howpsuzlygyna we maglumat goragy ulgamyna degişli sözleriň hataryny has-da baýlaşdyrar.

  Hünärmenler üçin gollanma hökmünde taýýarlanan «Kiberhowpsuzlyk adalgalarynyň sözlüginde» maglumat howpsuzlygy we maglumat goragy ulgamynda işjeň ulanylýan adalgalar toplanylypdyr, olaryň resmi atlandyrylyşy, düşündirişi berilipdir. Ýörite okuw gollanma sözlügi maglumat howpsuzlygy we maglumat goragy boýunça ýurduň hem-de daşary ýurtlaryň kanunlarynda, kadalaşdyryjy hukuk namalarynda, ylmy edebiýatlarynda, sözlüklerinde, şeýle hem, beýleki neşirlerinde bar bolan adalgalara, olaryň aňladýan manylaryna düşünmäge mümkinçilik berer.

   Sözlüge girizilen her bir adalga, her bir söz dürli çeşmelerden, gollanmalardan, ýörite ylmy edebiýatlardan we internet torunda işjeň ulanylýan sözlerden saýlanyp alnyp, olara takyk düşündiriş bermäge çalşylýar. Sözlük maglumat howpsuzlygy bilen meşgullanýan her bir adam üçin peýdaly bolup, ol, birinjiden, maglumat howpsuzlygyna degişli her bir adalganyň dürli tekstlerdäki takyk manysyna düşünmäge, ikinjiden, hünärmentçilik tekstleriniň özboluşly aýratynlyklaryna çuňňur göz ýetirmäge ýardam eder.

   Umuman, sözlük maglumat howpsuzlygy we maglumat goragy boýunça adalgalaryň emele gelmegi, ulanylmagy hem-de hünärmenleriň adalgalary atlandyrylyş meselesinde biri-biri bilen özara doly düşünişmegi üçin ugrukdyiyjy gollanma bolup biler.

   «Kiberhowpsuzlyk adalgalarynyň sözlügine» girizilen elektron hasaplaýyş ulgamyndaky adalga häsiýetli sözleriň, adalgalaryň sözlük makalalarynda düşündirişi berlip, olaryň takyk kesgitlemelerini beýan etmek aýratyn maksat edinilipdir. Her bir adalga häsiýetli söz, adalga şol ugurdaky çeşmelerden saýlanyp alynypdyr hem-de olara anyk düşündiriş bermäge we sözleriň many taýdan ýörgünli ulanylyşyna üns berilipdir. Bu ugurda «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginden», «Uly rusça-türkmençe sözlükden» hem-de halkara derejesindäki köp ulanylýan sözlüklerden peýdalanylypdyr.

«Kiberhowpsuzlyk adalgalarynyň sözlüginiň» şu ugurdaky ilkinji synanyşykdyr.
Okalan sany: 3   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07617 sek. ýüklenen baýt: 33449