Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Tatarystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär
Ýazylan wagty: 08 октября 2019 Ýazan NEXTTM
Tatarystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär
   2019-njy ýylyň 7–10-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndaky Medeniýet günleri geçirilýär. Meýilnama laýyklykda, bu medeni forumyň çäreleri Tatarystanyň Kazan we Ýelabuga şäherlerinde geçiriler. Bu döredijilik çäresi Türkmenistanyň Russiýanyň iri sebiti bilen üstünlikli ösýän gatnaşyklarynyň dowamydyr. Bu sebit soňky ýyllarda söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem medeni-ynsanperwer babatda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşa öwrüldi.

  Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Rustam Minnihanow häzirki wagtda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan türkmen-rus hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýän däp bolan medeni gatnaşyklary giňeltmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtaýarlar. Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň medeniýet işgärleri tarapyndan guralýan döredijilik forumlary hem-de beýleki bilelikdäki çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäreler halklaryň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň özboluşly köprüsi bolup durýar.
Okalan sany: 3   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06452 sek. ýüklenen baýt: 30228