Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady
Ýazylan wagty: 08 октября 2019 Ýazan NEXTTM
Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady
   6-njy oktýabrda Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler topluma gül desselerini goýan we bu ýerdäki sadaka gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeliniň oturdylan ýerine geldi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň müftisi bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň heýkelini hatyralap, gül dessesini goýdy. Bu ýerde merhumyň ruhy ýatlanyp, aýat-töwir okaldy ― diýip, TDH habar berýär.

  Ýurt Garaşsyzlygyny goramakda, Türkmenistanyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçiren S.A.Nyýazowyň bitiren işleriniň nusgalykdygy barada aýdyp, milletiň Lideri bu işleriň unudylmaly däldigine ünsi çekdi.

  Munuň özi tutuş adamzat üçin ähmiýetli bolan ynsanperwerlikli dessurlaryň häzirki zamanda döwrebap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Türkmenistanyň Prezidenti bu işleriň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän oňyn ýörelgelerine we ýagşy dessurlaryna laýyk derejede ösdüriljekdigini belledi.
Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06384 sek. ýüklenen baýt: 30375