Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
“Zähmet jоşýar gowaçaly pellerde”
Ýazylan wagty: 08 октября 2019 Ýazan NEXTTM
    ,,Türkmenistan-rowaçlygyň Watany’’ ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar türkmen halky asuda,  parahat durmuşda ýaşaýar. Ýurdymyzyň bagtyýarlygyndan, jebisliginden,  asudalygyndan eşret tapan türkmen halky elmydama Hormatly  Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etmek bilen ýaşaýar. Mälim bolşy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň  birinji mejlisinden gelip çykan oňyn netijelerden ugur alyp ýurdymyzyň oba hojalyk ulgamynda öwgä mynasyp işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdymyzyň ähli künjekleriniň pagta meýdanlarynda zähmet gaýnap joşýar. Ak altyna kybapdaş bereketli pagta meýdanlary zähmetkeş babadaýhanlarymyzyň kalbyny joşa getirip, has-da öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Çünki ,,Ak altyn-ak bagtymyza’’ deňelýär. Ynha şu ajaýyp başlangyçlardan ugur alyp hem Ak bugdaý etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi, şeýle-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komiteti, Ak bugdaý etrap Medeniýet bölümi bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çägine degişli bolan pagta meýdanynda ýetişdirilen hasyly isripsiz ýygnamak maksady bilen, şeýle-de pagta meýdanlarynda zähmet çekýän edermen babadaýhanlaryň, armazak  pagtaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen ,,Ak altynym-ak bagtym’’ diýen at bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Uly şatlyk-şowhuna beslenip  geçen medeni çäräniň dowamynda babadaýhanlara, mehanizatorlara, pagtaçylara birnäçe milli türkmen tagamlary hödür-kerem edildi. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň zehin sahawatyndan syzylyp çykan eseler bilen bilelikde birnäçe nusgawy şahyrlarymyzyň kitaplarynyň sergisi gurnalyp, dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary edermen babadaýhanlaryň, pagtaçylaryň, mehanizatorlaryň armasyny ýetirip, aýratyn bir mana eýe boldy. Ýaşuly nesillerimiziň wekilleriniň gatnaşmaklary bu geçirilen çärä aýratyn bir millilik ruhuny çaýdy. Aýdym-sazly medeni çäräniň ahyrynda mehanizatorlara, şeýle-de pagtaçylara etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu bolsa elbetde mehanizatorlaryň, pagtaçylaryň öz halal zähmetlerine bolan höweslerini has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdymyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän oba hojalykçylarymyzyň öňde goýän maksatlary bagta rowana!
Ýurdymyzyň oba hojalygy ugrunda irginsiz aladalar edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, il ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!                                    

Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06770 sek. ýüklenen baýt: 31941