Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
At esbaplarynyň muzeý gymmaty
Ýazylan wagty: 08 октября 2019 Ýazan NEXTTM
      
  Gadymy türkmen halkymyzda türkmen ýigidini atsyz göz öňüne getirilmändir. Nähili dogumly, gaýduwsyz bolsa-da aty bolmasa bahasy bir köpük bolupdyr. Käbir halatlarda ýönekeý pukara türkmen ýigidinde gowy tohum bedew aty bolsa hanlar begler şol bedew ata göz dikipdirler. At türkmen ýigidiniň namysy hasaplanypdyr, şol sebäpli hem aty bereninden janyny gurban eden wagtlary köp bolupdyr. 
Atym bolmasa, meniň ganaty döwlen laçyndan näme parhym bar. At edermen ýigidiň iň gowy dosty. Adam namartlasa onuň aty-da aýagyny ýitirer diýen ýaly gündogar pähimleri döräpdir.
  Häzirki döwürde bedewlerimiziň sarpasy belent tutulyp, olaryň at-owazasy diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl daşary ýurtlaryň çägine hem ýaň saldy.
Muzeýleriň eýeleýän orny diňe bir däp-dessurlaryň goralýan we geljek üçin miras galan zatlaryň ýeri bolman, häzirki jemgyýetiň halkara medeniýetiniň üýtgewiniň ösüş etabydyr, ýagny, “Muzeýler geçmişden geljege ýaň salýan mirashana” bolmak bilen halkyň geçmiş taryhyny geljekde ebedileşdirýär. Munuň üçin bolsa özünde halkyň medeni-mirasy baradaky maglumatlary bir ýerde jemlemek we wagyz etmek bilen, taryhy esbaplary muzeýleşdirilmek ähmiýetini ýokarlandyrýar. Şu günki günde muzeýlerimizde türkmen ahalteke bedewleri baradaky maglumatlar we olaryň esbaplary aýratyn orna eýe. Her bir halkyň taryhy ykbalyny kesgitleýän aýgytly wakalar bir günde ýa-da birnäçe ýylda bolup geçýär. Türkmen atlary hem Türkmenistanyň taryhynda islendik döwrüň wakasynyň içinde aýgytlaýjy rol oýnaýar. Biz muňa gadymy taryhy beýan edip ýazyjylarymyzyň ýazan romanlarynda getirilýän maglumatlardan hem göz ýetirýäris. W.Ýanyň “Çingiz han” romanynda atyň beýik döwletleri dolandyran gahrymanlaryň durmuşynda nähili aýgytly orun eýeländigi çeper beýan edilýär. Jelaleddin batyryň “Söweşijini gorajak zat – onuň hanjarynyň tygy bilen bedew atdyr” diýen sözleri Horezmi goramakda atyň esasy ornuny kesgitleýär. Mundan başga-da öz bütin galagoply ömrüni Çingiz han bilen göreşe bagyşlan Jelaleddin batyry söweşlerde söwer atynyň halas edenligi baradaky aşakdaky ýazgylar bedew atyň muzeýlerde ebedi orun almagyna kepil geçýär: “Suw seňrikden geçendigine düşünip, soltan ýüz nikabyny we hanjaryndan beýleki uruş esbaplaryny taşlady-da özüniň gowy görýän başga türkmen atyna mündi. Atynyň başyny öwräge-de ony belent gaýanyň üstünden joşgunly Sind derýasynyň gara tolkunlarynyň arasyna bökdürdi. Derýadan aty bilen ýüzüp geçdi…”. Şu ýerde Gorkut atanyň kitabyndaky “Men saňa atym diýmerin, doganym diýerin. Sen meniň doganymdanda gowy” diýen ýazgylary Jelaleddin batyra degişli ýaly bolup ýaňlanýar.
   Dünýäniň iň gadymy medeniýet ojagy bolup, Hytaýyň, Hindistanyň, Mesopotamiýanyň we Müsüriň gadymy medeniýetleri bilen bir hatara çykan Marguş ýurdundan aýratyn hormat bilen jaýlanan taýçanagyň, ahal teke bedewiňki ýaly boýny uzyn, gözleri uly atyň kellesi görnüşdäki kinniwanja heýkeljigiň tapylmagy W.I.Sarianidiniň tassyklaýşy ýaly, biziň eýýamyzdan ozalky III-II müňýyllyklaryň sepgidinde gadymy türkmen taýpalarynda atlaryň naýbaşy tohumlarynyň seleksiýasynyň başyny başlandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda bu gymmatly maglumatlary özünde jemleýän taryhy tapyndylar ýurdumyzyň  “Baş muzeýiniň” taryhy bölümlerinde orun almak bilen diňe bir öz halkymyzyň raýatlarynyň aňynda däl-de daşary ýurt raýatlarynyň aňynda berk orun alyp, bedew esbaplarynyň muzeýleşdirilmeginiň diňe şu günki günümizde däl-de geljekde mydamalyk şöhlelenjekdigine şaýatlyk edýär.
     Gökdepe söweşinde hem atlarymyz bilen bagly wakalar has köp. Tekeleriň bedew aty bilen Garagumda gaça söweş etmeginden ruslaryň çekinmegi, olaryň bir gala gabalyp söweş etmeklerine getirilmegi, soňra bedewleriň daş ülkelere äkidilmegi, şol söweşden soň,     1881-nji ýylyň maý aýynyň başynda teke atly polkunyň, 1914-nji ýylyň 29-njy iýulynda bolsa resmi taýdan türkmen atly polkunyň döredilmegi barada muzeýde ýerleşdirilen at-esbaplarynyň ýanynda muzeý hünärmenleri doly açyk gürrüň berýärler.
Bu resmi faktlaryň we syn etmeleriň eýýäm biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň soňky ýüzýyllyklarynda eldekileşdirilen atyň Merkezi Aziýa täze taýpalar bilen getirilendigine hiç hili şek-şübhe goýmaýar. Olar haýsy marşrut boýunça hereket etdilerkä? Megerem, olar Kiçi Aziýanyň gündogar-anadoly taýpalary bilen bilelikde Siriýa we Akkat döwletleriniň içinden geçip, soňra Gündogara, Elama baryp ýetendirler. Bu ýerden Eýran daglarynyň üstünden Gündogar Eýrana we Günorta Türkmenistana tarap giň ýol açylýar. Göçme taýpalar şol ýerden Marguşyň we Baktriýanyň, mümkin, hindi subkontinentiniň çäklerine çenli baryp ýetendirler. Ýokarda bellenilişi ýaly, şol wagtlarda mes toprakly we süýji suwa baý bu ýerler adamlar tarapyndan juda az möçberlerde özleşdirilipdir. Bu ýerler diňe gelmişekler üçin däl, eýsem olaryň öý haýwanlary üçin hakyky jennet bolup hyzmat edipdir. Murgabyň suw basýan bol otly kenarlarynda öý haýwanlarynyň ägirt uly sürüleri we ilkinji heniz köp sanly bolmadyk at sürüleri aga-ýana gezipdir. Arheologiýa faktlaryň käbiri hünärmenler tarapyndan öňe sürlen iň gadymy eldeki atyň sähralyklardan gelip çykandygy Baktriýa we Marguşa andronow tipli çarwa taýpalaryň ýaşaýan demirgazyk sähralaryndan getirilendigi baradaky çaklamany düýbünden inkär edýär.
    “Çadyryň bir tarapynda “Seter” diýen bir gyr at altyn myha daňylgy durdy. Onuň gözleri ýanyp durdy we gara teninde kümüşsöw ak tüýi bardy. Ol hiç wagt eýer görmändi we oňa hiç kim münmändi. Porhanlaryň aýtmaklaryna görä, Çingiz hanyň ýörişleri wagtynda ol ata urşuň gudratly hudaýy, mongol goşunlarynyň medetkäri Sulde münüp, olary beýik ýeňişlere alyp barýarmyş. Çadyryň beýleki tarapynda Çingiz hanyň hemişe eýerli, örän gowy görýän, giň döşli söweş aty “Naýman” daňylgydy, ol mele atdy, aýaklary hem guýrugy garady, sagrysynyň üstünden gara gaýyş çekilgidi, ol ýabany sähra atlarynyň tohumyndandy”  Türkmen ahal-teke bedewi.
   Arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň açyşlaryna ser salsak, ol Garagumda, häzirki zaman ylmynyň ykrar edilişi ýaly, Hytaýyň, Hindistanyň, Mesopotamiýanyň we Müsüriň gadymy medeniýetleri bilen bir hatara çykan dünýäniň iň gadymy siwilizasiýasynyň birini – Marguş ýurduny açdy. Ürgün çägelikde gadymy patyşalygyň harabalyklarynyň üstüni açmak, şol ýerde dünýädäki ilkinji din bolan zoroastrizmiň dörändigi baradaky aýdyň subutnamalary ylym dünýäsine görkezmek üçin gaýduwsyz alyma gazuw agtaryş möwsümleriniň otuz ýyly gerek boldy. Bürünç eýýamynda şol ýerde, sahawatly ülkede eýýäm tohum atlaryň ýetişdirlendigi tötänden däldir. Olar seýislenipdir, aýratyn halatlarda bolsa hudaýlara gurban berlipdir. Aýratyn hormat bilen jaýlanan taýçanak, ençeme bürünç şahjagazlar – bedewleri seýislemek üçin niýetlenen ýörite saz gurallary, ahal teke bedewiňki ýaly boýny uzyn, gözleri uly atyň kellesi görnüşdäki kinniwanja heýkeljik – bu tapyndylaryň ählisi, W.I.Sarianidiniň tassyklaýşy ýaly, biziň eýýamyzdan ozalky III-II müňýyllyklaryň sepgidinde gadymy türkmen taýpalarynyň atlaryň naýbaşy tohumlarynyň seleksiýasynyň başyny başlandygyna şaýatlyk edýär. Ahyrky netije munuň özi ahalteke tohumynyň döremegine getirdi.
   Bilişimiz ýaly, Marguşdan tapylan taýçanak hem munuň aýdyň subutnmasydyr. Sazyň owazyna werdiş bolan bu tohum at bolsa, şolara goýulan hormat bilen jaýlanypdyr, çünki ol baryp bäş müň ýyl mundan öň bu topraklaryň buýsanjy bolupdyr. Diýmek biziň üçin elýeterli bolan geçmişiň subutnamalaryna tarap taryhyň çarhyny yzyna aýlamaly, ol bolsa hut jelegaýlarda – ahalteke atlarynyň watanynda has gadymy medeniýeti biziň göz ýetirmek mümkin.  

Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06590 sek. ýüklenen baýt: 37856