Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bolgariýaly Kristalina Georgiýewa Halkara Pul Gaznasyna ýolbaşçy saýlanyldy
Ýazylan wagty: 09 октября 2019 Ýazan NEXTTM
Bolgariýaly Kristalina Georgiýewa Halkara Pul Gaznasyna ýolbaşçy saýlanyldy
  Bütündünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygynyň saklanmagynda möhüm orun eýeleýän Halkara Pul Gaznasyna täze ýolbaşçy saýlanyldy. Gaznanyň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan bu wezipä bolgariýaly 66 ýaşly Kristalina Georgiýewa bellenildi. Ol 1-nji oktýabrda resmi taýdan öz wezipesine girişdi. Bu wezipä Ýewropa Bileleşigine agza döwletlerden bäş dalaşgär hödürlenildi. Netijede Bütindünýä bankynyň baş ýerine ýetiriji direktory K.Georgiýewa  elektron poçta arkaly geçirilen saýlawlarda köp ses gazanmagy başardy. Gaznanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Beýannamasynda taryhda ilkinji gezek bazar ykdysadyýeti ösüp barýan ýurtlardan bu Gazna ýolbaşçy bellenilendigi barada bellenilýär.  

   Ýeri gelende bellesek, yk­dy­sa­dy ylym­la­ryň dok­to­ry hanym K.Ge­or­gi­ýe­wa Lon­do­nyň yk­dy­sa­dy  mek­de­bin­de, Mas­sa­çu­set­siň teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­tyn­da we Gar­war­dyň biz­nes mek­de­bin­de sa­pak ber­di.  Köp ýyllyk zähmet tejribesini ele aldy. 189 döw­le­ti öz içi­ne al­ýan Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy öz ag­za­la­ry­na yk­dy­sa­dy  mas­la­hat­la­ry we ma­li­ýe ýardam­la­ry­ny ber­ýär. Kris­ta­li­na Ge­or­gi­ýe­wa­dan öň bu  we­zi­pä­ni eýe­län Kris­tin La­gard go­laý­da bu we­zi­pe­den res­mi taý­dan çe­ki­lip, Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ni eýe­le­di.
Okalan sany: 2   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07253 sek. ýüklenen baýt: 30604