Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Daşoguz welaýatynda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär
Ýazylan wagty: 09 октября 2019 Ýazan NEXTTM
Daşoguz welaýatynda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär
  Ak bugdaýyň ekişi Daşoguz welaýatynda ýokary hil derejesinde gyzgalaňly dowam edýär. Welaýat boýunça her günde 4 müň gektara golaý meýdanda bugdaý ekişi geçirilýär. Häzirki wagtda bugdaý ekişi soňky gektarlarda alnyp barylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
    Möhüm möwsümiň häzirki aýgytly günlerinde welaýatyň ekin meýdanlarynda traktorlaryň 2250-ä golaýy, ekijileriň 440-dan gowragy, sürüm traktorlarynyň hem 605-si bökdençsiz işledilýär. Bar bolan tehnikalaryň güýjünden doly peýdalanmak, olaryň saz işledilmegini üpjün etmek üçin ähli etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalary toplumlaýyn işleri utgaşykly alyp barýarlar. Bu işlerde ekişi gysga möhletlerde guramaçylykly geçirmek üçin 140 toparyň döredilmegi, olaryň ähli zerur enjamlar we serişdeler bilen üpjün edilmegi öz netijesini berýär.
   Welaýatda şu ýylky güýzlük bugdaýyň ekişi üçin 45 müň tonnadan gowrak ýokary hilli tohum taýýarlanyldy. Häzirki günlerde ýer eýeleri hem-de olaryň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan edara-kärhanalaryň hünärmenleri iş üstünde bolup, bugdaý ekişi bilen bagly her bir işiň ýokary hil derejesinde berjaý edilmegini gazanýarlar. Möhüm möwsümde welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň hem-de onuň etraplardaky kärhanalarynyň ähli düzümleri sazlaşykly hereket edýär.
Okalan sany: 2   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05954 sek. ýüklenen baýt: 30477