Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Farap etrabynda söwda hyzmatlarynyň gerimi giňeýär
Ýazylan wagty: 09 октября 2019 Ýazan NEXTTM
   Farap etrap alyjylar jemgyýeti «Ýylyň iň oňat kärhanasy» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji bolan jemgyýet etrabyň ähli söwda dükanlaryny, önümçilik we iýmit kärhanalaryny özüne birleşdirýär ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
  Häzirki wagtda etrap alyjylar jemgyýetiniň düzüminde söwda dükanlarynyň 45-si, iýmit kärhanalarynyň 16-sy, önümçilik sehleriniň 6-sy we 1 sany bazar hereket edýär. Edara degişli bolan şöhlat, unaş, çörek önümleri sehlerinde we olaryň şahamçalarynda ilatyň şu azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak, ak bazarlarymyzyň bolçulygyny döretmek babatda netijeli önümçilik alnyp barylýar. Şeýle önümçilikleriň, söwda dükanlarynyň sany hem barha artýar.
   Farap şäheriniň demirgazygynda azyk önümleri dükanyny açmak meýilleşdirilýär. Eýýäm dükanyň gurluşygyna girişildi. Etrapda söwda hyzmatlarynyň geri has-da giňeldilýär.
Okalan sany: 2   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06165 sek. ýüklenen baýt: 29786