Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Kerki şäherindäki döwrebap bazarda dükanlary 356-sy, söwda tekjeleriniň 800-si hereket edýär
Ýazylan wagty: 09 октября 2019 Ýazan NEXTTM

    Kerki şäherindäki «Altyn asyr» bazary geçen ýyl açylyp, ulanmaga berildi. Welaýatdaky iň täze söwda merkezleriniň biridigine garamazdan onuň ilatyň arasyndaky meşhurlygy we ähmiýeti barha artýar ― diýip, «Türkmen gündogary» gazetinde ýazylýar.

     Iň esasy nygtalmaly zat bolsa, täze bazaryň işläp başlamagy şäheriň, şol sanda tutuş Kerki etrabynyň ilaty üçin uly mümkinçilikleri bagyşlamagydyr. Etrap alyjylar jemgyýetine degişli bolan bazar birnäçe gektar meýdany tutýar. Ol şäheriň merkezinde ýerleşmek bilen, ähli tarapdan gelýän müşderilerdir söwdagärler üçin amatlydyr. Şäherde ozal hereket eden bazardan ep-esli uly bolan bu merkezde dükanlaryň 356-sy, söwda tekjeleriniň 800-si bar. Telekeçilere kärendä berlen nokatlaryň ählisi bu gün halkymyza döwrebap söwda hyzmatlaryny edýär.

   Ýeri gelende aýtsak, ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň bilelikde geçiren bäsleşiginde üçünji orna mynasyp bolan Kerki etrap alyjylar jemgyýetiniň garamagynda dürli söwda dükanlarynyň 35-si, çörek kärhanalarynyň 5-si we bir sany gök we miwe gaplaýan kärhana hereket edýär.

    Olaryň ählisinde ilata döwrebap hyzmat ýola goýlupdyr. Kerki şäherindäki «Altyn asyr» söwda bazary bolsa etrap alyjylar jemgyýetiniň halka edýän hyzmatlarynyň nobatdaky miwesidir. Ol bolçulygyň, berekediň nyşanyna öwrülip, ýerli ýaşaýjylara hemişe hyzmat edýär. 
Okalan sany: 4   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07260 sek. ýüklenen baýt: 30804