Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Han Pälwanow bilen söhbetdeşlik
Ýazylan wagty: 09 октября 2019 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Han Pälwanow bilen söhbetdeşlik
— Han, Şa serpaýyňyz gutly bolsun! Üstünlige ýetmegiň sebäplerini nämede görýäňiz?

— Sag boluň. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler çäksiz. Ýaş- laryň arasynda dürli bäsle- şikleriň geçirilmegi, «Owaz» radioýaýlymynyň hem-de «Türkmen owazy» teleýaý- lymynyň açylmagynyň biz — ýaş aýdymçylaryň kä milleşmegi, halk köpçüligine tanalmagy üçin uly hyzmaty bar.

— Şekile geçirilen «Mejnun eýledi», «Aýbibi», «Gabandym», «Aşgabat» ýaly aýdymlaryňyzy teleýaýlymlar arkaly diň leýäris. Başga-da aýdymlaryňyz kän. Olaryň şowly çykmagynda irginsiz yhlasyňyzy görmek bolýar. Muşdaklaryňyza şu wagta çenli ýetireniňiz näçeräk aýdym boldy?

— On bäş aýdymdan ybarat birinji albom ýazgymy eýýäm diňleýjilere ýetirdik. Ýene on bäş aý- dymdan ybarat täze albom ýazgymy taýýarladyk. Bu aýdymlarymyň köpüsi halk aýdymlary, şeýle-de estrada aýdymlaryndan ybarat.

— Haýsy halypalardan tälim aldyňyz?

— Ilkinji halypam kakam, Türkmenistanyň halk artisti Pälwan Hamydow. Kakam maňa-da, inim Owazgeldä-de dutar çalmagyň, aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny irginsiz öwredýär. Galyberse-de, 2004 — 2011-nji ýyllar aralygynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň «Halk saz gurallary» bölü- minde dutar saz guraly hü- närinden bilim aldym. 2011 — 2016-njy ýyllar aralygynda bolsa, häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Bagşyçylyk» ugry boýunça okadym. Oraznepes Döwletnazarow, Akmyrat Çaryýew, Merdan Baýramow, Kerwen Ýowbasarow we başga-da birnäçe halypalardan tälim aldym. Häzir Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Serpaý» folklor toparynyň aýdymçysy bolup işleýärin. Iş ýerimde-de Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myratgeldi Baýramberdiýew halypalyk edýär.

— Okyjylarymyzy maşgala ýagdaýyňyz bilen hem tanyşdyraýsaňyz.

— Biz iki oglan, üç gyz dogan. Men hem, inim Owazgeldem maşgalaly. Meniň iki oglum, inimiň bir ogly, bir gyzy bar. Gyz jigilerimiň ulusy Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby. Beýleki jigilerim entek kiçiräk Gelnim el işleri, tikin-çatyn bilen meşgullanýar. Işden boş wagtlarym hojalykdaky elimden gelýän ownuk-uşak ussaçylyk işlere seredýän.

— Berekella, maşgalada düşünişip ýaşamak agzybirlikden nyşan. Indiki sowalym: nähili kitaplary okaýa ňyz? Aýdym öwreneniňizde sözlerini nähili ýat tutýarsyňyz?

— Halk dessanlarymyzy hem-de Magtymguly Pyragynyň, Kerim Gurbannepesowyň goşgularyny okaýaryn. Öwrenýän aýdymlarymyň sözlerini ýazuw çeşmelere salgylanyp ýat tutýaryn. Soňrada halypalar bilen maslahatlaşýaryn.

— Belki, okyjylarymyzy doglan ýylyň we çagalyk döwrüňde alan baýragyň gyzyklandyrýandyr?

— Men 1995-nji ýylyň 22-nji martynda Aşgabat şäheriniň Bagyr ýaşaýyş toplumynda dünýä indim. 2008-nji ýylda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde ýeňiji bolupdym.

Bellik: söhbetdeşlik «Nesil» gazetiniň 2019-njy ýylyň 8-nji oktýabryndaky sanyndan alyndy.
Okalan sany: 4   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06401 sek. ýüklenen baýt: 32401