Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýaramaz pişeler bizden uzakda bolar
Ýazylan wagty: 09 октября 2019 Ýazan NEXTTM
   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz gün saýyn uly ösüşlere beslenýär. Jemgyýetimizde beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek baradaky ýörelgelere eýerip, ýaş raýatlaryň tertip düzgüni berjaý etmegini, ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak olaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda terbiýelemek, hukuklary we borçlary, kanunçylyk namalary barada giň düşünje bermek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite meýilnama esasynda welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda “Ýaramaz pişeler bizden uzakda bolar” atly giň gerimli wagyz nesihat, düşündiriş işlerini geçirýär. Wagyz-nesihat duşuşyklarynda akyl käsesi püre-pür ýaşularymyzyň, köpçüligiň abaraýyna eýe bolan adamlaryň, her bir sözi mähirden, öwüt ündewden doly ene mamalarymyzyň edep-terbiýe, watansöýüjilik baradaky nesihatlaryna aýratyn orun berilmegi, düşündiriş işleriniň netijeliligini hem-de täsirligini has-da ýokarlandyrýar.
Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05486 sek. ýüklenen baýt: 29828