Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hususy sektorda eksporta iberilýän harytlaryň paýy artýar
Ýazylan wagty: 09 октября 2019 Ýazan NEXTTM
  Üstümizdäki ýylda Lebap welaýatynda telekeçiler tarapyndan öndürilen harytlaryň daşary ýurtlara eksport edilýän mukdary ep-esli artdy.
   Ýylyň başyndan bäri «Altyn saraý» hususy kärhanasy ABŞ-nyň 800 müň dollaryna, «Döwrebap çözgüt» hususy kärhanasy 200 müň dollara barabar önümi özüniň daşary ýurtly alyjylaryna iberdi. Olaryň hemmesi hem polipropilen haltalardyr. «Altyn bürgüt» hususy kärhanasy bolsa biznes hyzmatdaşlaryna umumy bahasy 188 müň gowrak amerikan dollaryna barabar bolan polipropilen turbalary ugratdy. «Mizemez gadam» hususy kärhanasy hem ep-esli möçberdäki tehniki harytlary daşary ýurtlara eksport etdi.
  Hususy sektorda daşary ýurtlardan getirilýänleriň ornuny tutýan harytlary öndürýän kärhanalaryň sany hem barha artýar. Häzir hususyýetçiler güýji bilen şu maksada niýetlenen kärhanalaryň 32-si gurulýar. Olaryň 19-syny oba hojalyk, 13-sini senagat önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň 6-sy eýýäm işe girizildi.
Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08309 sek. ýüklenen baýt: 29923