Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
 Çakylyk
Ýazylan wagty: 09 октября 2019 Ýazan NEXTTM

Getirmändi  bu zemine, Tüweleýläp gelen şemal,



Bagt diläp her
demine, getiripdi gözel zenan,



 Sözlerini diňläp siňe, sözlerinden tapdym
kemal,



Buýsanç saýýan
men özüme, baş egýärin bü gün ýene,



Ady meşhur ýer
ýüzüne, onuň ady mährem ene.



 



Asman meni götermändi,
dokuz aýlap jan içinde,



Toprak dünýä
getirmändi, aýap saklap gan içinde,



Şemal ýola
itermändi, dileg edip her geçende,



Hakdan perman
megerem ol, ýene perman bersene,



Tagzym edýär ederem
ol, ýüz ýyl gülüp gezsin ene.



 



Asmana-da
minnetdar men, sen penadyň başlaryna,



Topraga-da hyrydar
men, sen galadyň daşlaryna,



Şemaldan hem
goşant bardyr, sen şärikdiň düýşlerine,



käbäm senden
bir haýyşym, düýşerime giräý senem,



bahar bolar
ýene gyşym,  küýseýärin juda enem.



 



Belki ýollaň
daşlygyndan, daralýandyr dünýäm kemkem,



Mähir berip
ýaşlygymdan, bolupdyň sen mydam melhem,



Gözleýänsiň düýşleriňden,
menden beter bolup belkem,



Ertir diýme şu
gün gaýt, uçar bilen geläýsene,



Ýüregiňde baryn
aýyt, ertir bir gün gelniň ene.



 



Menä näler
barjak welin, özüň diýýäň zähmet gerek,



Menä näler
görjek welin, bir az öňe ätmek gerek,



Barmagada ýoga
delil, öz islegiň nätmek gerek,



Telbe diýer
nama ýazyp, şu çakylyk goşgym ene,



Çöregiňi bagra
basyp, gapymyzdan giräýsene.

Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06340 sek. ýüklenen baýt: 33962