Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Braziliýanyň bäşinji birinjiligi we 2014-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa­da ge­çi­ril­jek fut­bol bo­ýun­ça Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň mas­ko­ty­na “Fu­le­ko” (Fu­leco) di­ýen at go­ýul­dy.
Ýazylan wagty: 28 декабря 2012 Ýazan Betman

Ki­çi fut­bol (fut­zal) bo­ýun­ça Taý­land­da ge­çi­ri­len Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 5-nji ge­zek çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di.          

     

1-18-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Taý­lan­dyň 2 şä­he­rin­de gur­na­lan çem­pio­na­ta 24 to­par gat­naş­dy (6 to­par­ça­da). Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­lar­dan soň, ýa­rym fi­nal­da Is­pa­ni­ýa Ita­li­ýa­ny (4-1), Bra­zi­li­ýa bol­sa ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da soň­ky dört­lü­ge dü­şen Ko­lum­bi­ýa­ny (3-1) ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Fi­nal oýu­n diý­seň çe­ke­le­şik­li bo­lup, ýe­ňi­ji goş­ma­ça wagt kes­git­le­n­di. Ban­kok­da­ky Hua Mark sport des­ga­syn­da­ky oý­na 6 mü­ňe go­laý jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Pe­ru­ly Hek­tor Ro­ha­syň emin­lik eden oý­nu­nyň 1-nji ýa­ry­myn­da to­par­lar ha­sa­by açyp bil­me­di. 2-nji ýa­ry­myň il­kin­ji mi­nut­la­ryn­da (25-nji mi­nut­da) bra­zi­li­ýa­ly Ne­to ta­pa­wut­lan­ma­gy ba­şar­dy. Ýö­ne is­pan­la­ryň jo­ga­by ga­ty gi­jik­me­di. 30-njy we 31-nji mi­nut­lar­da Tor­ras bi­len Ai­kar­do ýew­ro­pa­ly­la­ry öňe saý­la­dy. 37-nji mi­nu­ut­da Fal­kao ha­sa­by deň­le­di we oý­nuň esa­sy wag­ty 2-2 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Soň­ra goş­ma­ça ber­len 10 mi­nu­tyň (5 mi­nut­dan 2 döw be­ril­ýär) iň soň­ky se­kunt­la­ryn­da ýe­ne-de Ne­to ta­pa­wut­lan­ýar we spor­tuň bu gör­nü­şin­de bra­zil­le­riň taý­syz­dy­gy­ny su­but ed­ýär.

Çem­pio­na­tyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy diý­lip Ne­to saý­lan­sa, iň köp pök­gi ge­çi­ren fut­bol­çy­ di­ýen ada Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da çy­kyş eden as­ly bra­zi­li­ýa­ly Eder Li­ma my­na­syp bol­dy (9 pök­gi). Bü­rünç me­dal ug­run­da Ko­lum­bi­ýa­ny 3-0 ha­sa­byn­da utan ital­ýan­la­ryň der­we­ze­çi­si Ste­fa­no Mam­ma­rel­la “Al­tyn el­lik” sy­la­gy­na la­ýyk gö­rül­di. 1989-njy ýyl­dan bä­ri FI­FA-nyň gur­a­ýan bu ýa­ry­şy 7-nji ge­zek ge­çi­ri­lip şo­la­ryň 5-sin­de Bra­zi­li­ýa (1989, 1992, 1996, 2008, 2012), 2-sin­de Is­pa­ni­ýa (2000, 2004) çem­pi­on bol­dy. Hem-de:

                 “Fuleko” ady goýuldy




2014-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa­da ge­çi­ril­jek fut­bol bo­ýun­ça Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň mas­ko­ty­na 
“Fu­le­ko” (Fu­leco) di­ýen at go­ýul­dy.

FI­FA-nyň res­mi in­ter­net saý­ty “fi­fa.com” ar­ka­ly saý­la­nan bu at ses­le­riň 48 gö­te­ri­mi­ne al­ma­gy ba­şar­dy. 1,7 mil­li­on jan­kö­ýe­riň ses ber­me­gi esa­syn­da ge­çi­ri­len Zu­ze­ko (Zu­zeco) 31 gö­te­rim, “Ami­žu­bi” (Ami­ju­bi) 21 gö­te­rim ses al­dy. “Fu­le­ko” sö­zi fut­bol (fu­te­bol) hem-de eko­lo­gi­ýa (ecolo­gia) di­ýen söz­le­rden eme­le gel­ýär.

Okalan sany: 734   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05697 sek. ýüklenen baýt: 34113