Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Minsk şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy
Ýazylan wagty: 19 октября 2019 Ýazan NEXTTM
Minsk şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy
  Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerindäki çäreler ýurdumyzyň Medeniýet ministriniň orunbasarynyň belarus kärdeşi bilen duşuşygyndan başlandy. Dostlukly ýurduň Medeniýet ministrliginde türkmen wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda döwletara we pudagara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iki ýurduň bu ulgamda gazanan tejribelerini paýlaşmak, iki ýurduň halklaryny türkmendir belarus suratkeşleriniň, kinoçylarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri bilen ýakyndan tanyşdyrmak we beýleki meseleler boýunça giňişleýin pikir alşyldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gazetiň habarçysy, bu çärelere gatnaşyjy Ysmaýyl Taganyň ýazyşy ýaly, Belarusuň döwlet filarmoniýasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň resmi açylyşy boldy. Onuň öňüsyrasynda filarmoniýanyň foýesinde hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, Türkmenistanyň amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle-de «Türkmenistanyň gözellikleri we täsinlikleri» atly syýahatçylykdyr foto sergisiniň açylyş dabarasy hem geçirildi. Soňra Türkmenistanyň sungat ussatlary konsert bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýerine ýetirmeginde «Arkadagym toý tutýar» aýdymy bilen başlan konsert uly şatlykşowhuna beslendi. Ýurdumyzyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleri gyzgalaňly hem joşgunly dowam edýär.  

Okalan sany: 374   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06903 sek. ýüklenen baýt: 30463