Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
SÖÝGI
Ýazylan wagty: 26 октября 2019 Ýazan NEXTTM
Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler,
Günler ömrüñ eleginde elener.
Yza dönmek islär däli göwünler,
Geçen gün şäher däl – gaýdyp gelere.
Her kimiñ geçenden bir ahmyry bar,
Mende-de ahmyr bar. Ýöne men hergiz
Seniñ ruhuñ bilen ederin mydar,
Meniñ bar ruhumy direlden serwim.
Ýolumyzyñ çatak düşeni üçin,
Gam çekme. Bu derdi götergin merdem,
Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn,
Has kyn halas bolmak ýatlamalardan.
Düşüñ, ýatlamalar, köñlüme häli,
Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly.
Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly,
Solgun ýatlamalar giripdir köñle.
Uçurdyñ eliñden arzyly ýary,
Indi bir ýatlamañ söhbetin diñle.
Köpler kimin duşmasam-da ýara men,
Duýdum bu kalbymdaçäksiz diriliş.
Päklige düşündim şo duýgy bilen,
Şoñ bilen başlandy iñ gözel durmuş.
Duýmadym şoñ bilen gussa-gaýgyny,
Soradym halyñy her bir geçenden.
Öñde-soñda iñ päk – asyl duýgymy
Alyp çykdym suwuñ, oduñ içinden.
Ýollar kimin uzap barýar bu günler,
Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler
Okalan sany: 372   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06466 sek. ýüklenen baýt: 29587