Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
söýgi ýakdyň ýen ýak gojany? şonda belki göwnüň şat bolar.
Ýazylan wagty: 26 октября 2019 Ýazan NEXTTM
    Otyr bir goja elinde güllerden gül çemeni boglan. Gözleri aglamakdan gurapdyr göýä.Otyr gymyldaman käte hopugup,ýüreginde ýüklüje bir daşy bar ýaly göýä.''Söýgimiň päk wagty söýüpdim ol gyzy,kysmatym ýaryma duşmak bolmady,indem her ýylýatlap ol hazan ýelni otyryn garaşyp şoňa garaş diýipdi,otyrn umytly,garaşýan saňa''Otyr dagly elinde güllerden gül çemeni boglan...Görenler diýjekler baýrammy bugün?Toýmy bugün?Otyr garanjaklap töwerek daşa ýüzünde ne gam bar,ne-de şatlyk bar.Ýüzünde ezelden ýazylan gaýgyň yzy bar.Şeýdip 40 ýyl bäri otyr garaşyp.Diýýärin:''Otyrmyň garaşyp şoňa?'' -''Garaş diýipdi''-'Kim ol?Goja kime garaşýaň sen?Haýsy ynsapsyz ol saňa garaş diýipdir?Eý söýgiň kepenine bürenen goja kim seni,kim seni gam laýyna batyryp giden?Sende näme aryköýdükä iliň?'' Aşyk goja:''Ýok.Ynsapsyz däl ol.ol durmuşymda meniň iň gözel günäm,iň süýji ýalňyşym,iň sessiz nalam we iň gyzgyn söýgim.Ýüregimiň sazyna hiňlenen gözel.Ol aslynda hemmelerden üýtgeşik,hemmelerden sada,iň owadan gyz.40 ýyl ozal gyzlardan ýeke özi saýlanardy ol.Ol saza hiňlense bulut tans oýnar,şemal uzyn köýnegini tenine dolap oglankam düýşime girýän gyzlara meňzär.Hany onsoň gaýratyň bar bolsa barda ýanyna.Diňe salam diýip bilseň şolam ýeterlik.Onuň ''salam'' diýip salam alşyny,hiç haçan unutman.1000 ýaşasamda...1000 ýaşasam unutmaryn adyny.Unutmak nämejik,özüni ýaşadaryn.Özüni ýaşadaryn 1000 hyýalymda...'''diýýän ýaly,diýýän ýaly aşyk goja.Şirin-Perhat,Leýli-Mežnun,Asly-Kerem nämejik...Olaryň söýgüsi söýgi däl elbet.Heý söýen adamyň ýoluny duşman,deňiz-derýa tutup biljekmi?Mežnunyň söýeni ýalan.Perhadyň söýenem ýalan.Kerem asla söýmändirem.Aşyk gojanyň söýgüsini görenler pikir etmändirem.Olar ýaly söýgiň ýer ýüzünde bardygyna...40 ýyl edil düýn ýaly 40 ýyl ozal...Bir boý oglan halapdyr birtalyp gyzy.Bar myrady şol gyz boldy.näme bolsa bolsyn yzy.Ýyldyzlar gerek däl diýdi,diýdi gerek şonuň gözü.Diýdi maňa howa haram,şonuň demi ýeter diýdi.Ömrüm boýy gün gerek däl,günem,aýam şonuň ýüzi.Diýdi ýene kän zat diýdi diňlemäne çydap bilse adam ogly ýaşyuzyn.Ine şol ýyl baharyň 8-nji güni,gelmelidi aý ýaly gyz,gelmelidi gün ýaly gyz,gelmelidi.Emma welin gelmedi gyz.Geldi diňe oň habary.Säwülik bilen howlugan gyz,öz bagtyna howlugan gyz,büdüräýipdir,ýykylaýypdyr.Şeýdip ömri...biriniň ýaşlygy...biriniň ömri...Şeýdibem garaşyp otyr olhäli hä zir.Ge çenlerinde boý gyzlardan soraýar käte:''Gyzlar,gözel gyzlar,mylaýym gyzlar!Haýyşym boljak sizden ýekeje!Iň owadan bir gyz bardy ýaşaýyş jaýda!Şoňa garaşýalar diýip aýdaýyň,gelibersin howlukman!OL näçe diýse wagtym bar garaşaryn oňa!Arkaýyn işlerini bolsun,haçan bolsada garaşaryn!Bütin ömrüm garaşaryn oňa!Garaşaryn,garaşaryn oňa!
Okalan sany: 263   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06243 sek. ýüklenen baýt: 31493