Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Bagtlylyk hakynda
Ýazylan wagty: 28 октября 2019 Ýazan NEXTTM
Diýdiň sen: “Işçiler nädip oňýanka

Alýanja şojagaz aýlygy bilen?..”

Emma welin işçiň günlük baýlygyn

Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen.

 

Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok.

Pikiriň-zikiriň pul, pul, ýene pul.

Bolmasa-da bizde gul diýilýän zat,

Sen gul! Haram puluň elindäki gul!

 

Agaň soňky demde hyrkyldap ýatyr.

Sen onuň yzyndan gitmäge derek,

Şu günki gazanan puluňy sanap,

Ekstra bilen urýarsyň börek.

 

Syrkaw dem sanaýar, sen pul sanaýaň.

Men bolsa gazany gaýtaryp pitä,

Bugy hem gaýtmadyk jüýje çorbasyn

Seniň dertli agaň yzyndan eltýän.

 

Sen bolsa şol mahal sanan pulyňy

Desseläp, desseläp, daňýardyň müňden.

Emma meniň kisäm müňsüzem bolsa,

Şol mahal müň esse bagtlydym senden.

 

Obadaş tanyşyň ýogaldy bir gün.

Duran-duran ýerden ylgady uly il.

Sen bolsa “Syrkaw men, işli men…” diýip.

Tapyndyň özüňe müň dürli delil.

 

Men bolsa şol mahal egnim tabytly,

Dostuňy göterip barýardym öňden.

Şonda meniň kebzäm hasratlam bolsa,

Müň esse baýdym hem bagtlydym senden!

 

Dileg edip geldi garryja eneň.

Bende dilegçi hem däldir-le welin,

Düwünçekmi ýa-da atgulak üçin

Azajyk ýetmedik borly puly.

 

Sen oňa köneje üçlük uzatdyň,

Soň bäşlik uzatdyň kesen dek tenden!

Men bolsa şol mahal öz enem bilen

Müň esse baýdym hem bagtlydym senden.

 

Ne roman okaýaň, ne-de bir goşgy.

Okamak deregine içýäň hem iýýäň.

Bir kitäp görkezsem saldarlap görüp,

“Şuňa näçeräk pul aldyka?” diýýäň.

 

Beýik Magtymgulynyň kitabyny hem

Özüň däl, getirip beripdir ogluň.

Halal, haram hakda okan mahalym –

Kitaby ýyrtaýjak, ýyrtaýjak bolduň.

 

Dogrulyk hakdaky ýeke söz hem

Ýerleşip bilenok pos basan beýnä…

Men bolsa her agşam bagrymy berip

Puşkina, Pyraga, Nowaýa, Geýnä.

 

Balarysy ýaly şire toplaýan

Danalaň dürdäne setirlerinden.

Şol pursat bar öýüm, maşgalam bilen

Müň esse gurply men, bagtly men senden.

 

Söýgüden doýanok meniň gözlerim.

Seň gözleriň bolsa doýanok zatdan.

Köpügiň hasaplap uzynly gije,

Mele gelniňi-de çykarýaň ýatdan.

 

Her gije, her säher eýmençde eýmenç

Gara wakalary görüp düýşüňde,

Käte basyrganyp, käte gygyryp,

Hiç zatdan gorkmasyz juwan ýaşyňda,

 

Maşyn sesi çyksa tisginip turup,

Çyrany-da ýakman, ylgaýaň gapa!..

Biz bolsak şol mahal çagalar bilen

Gark bolup iň süýji, lezzetli uka,

 

Zähmetiň, söýgüniň eşretin görüp,

Nur bolup ýatyryp ertirki günden.

Müňläp pulumyz ýok, emme müň esse

Baý biz, arkaýyn biz, bagtly biz senden.

 

Kerim Gurbannepesow
Okalan sany: 293   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06472 sek. ýüklenen baýt: 44556