Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Gyz-Gelin waspy................
Ýazylan wagty: 28 декабря 2012 Ýazan Marala

Ýagşyny wasp etmek-şahyra adat,
Diňe adatam dal, hökmanlardandyr.
Gelinler içinde gördüm bir apat,
Yol, apatam ona gurbanlardandyr.
 
Maňlaýy bahardan ýasalan ýaly,
Yaňagy saherden ýasalan ýaly,
Gabagy mahirden ýasalan ýaly,
Dodaklary şeker damýanlardandyr.
 
llerniň barmagy misli bir seçek,
Döşleri meýdanly, gözleri goçak.
Bili ýarym gujak, saçy bir gujak,
Gözleri bar-düýpsüz ummanlardandyr.
 
Gözleriniň agy-dünyaň gündizi,
Gözleriniň garasy-gijaň tamizi.
Megerem şol ala gözleriň özi
Gijani-gündizi ýasanlardandyr.
 
Yüz gelniň içinden saýlanyp boýy,
Bir özi bezap dur giden bir toýy.
Edebiň merkezi, akylyň öyi,
Şahyr oňa akly haýranlardandyr.
 
Saýlap seçip, ajaplaryň ajabyn,
Haýsy ýigde bagş etdika gujagyn?
Şol gujakda mekan tutan goç ogul
Dünýade iň bagtly ynsanlardandyr.
Okalan sany: 8039   Jogaplar: ( 1 )

Betman
03 января 2013

cray shok


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04967 sek. ýüklenen baýt: 33826