Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Adam bedeniniň allergiýa bilen göreşmegi
Ýazylan wagty: 02 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Adam bedeniniň allergiýa bilen göreşmegine
päsgelçilik döretmeli däl
Eger-de deride allergiýanyň örgünleri peýda bolan bolsa,
ony ýuwujy serişdesi bolan sabyn bilen ýuwmak bolmaýar. Sebäbi ol deriniň guramagyna eltip, sypjyryklaryň peýda bolmagyna getirýär. Netijede näzik deriniň duýgurlygy ýokarlanyp,
gaýra üzülmeler ýüze çykýar.
Keseli anyklaýyş barlagyny geçirilenden soň lukmanyň
maslahaty boýunça derman serişdeleri ulanylmalydyr. Derman
serişdelerini lukmanyň maslahaty bolmazdan özbaşdak ulanmaklyk hem allergiýanyň ýüze çykmagyna getirip biljekdigini
ýatdan çykarmaň.
Saglygyňy has-da gowulandyrmak we berkitmek üçin bedeniň fiziki işjeňligini ýeňil bolan maşklary berjaý etmek arkaly
amala aşyrmak bolar. Fiziki işjeňligiň üsti bilen adamyň immunitetini berkidip, diňe bir allergiýanyň öňüni almak üçin däl.
Okalan sany: 90   Jogaplar: ( 5 )

Mayichka
02 ноября 2019

Her paslyň sepgidinde möwsümleýin allergiýanyň alamatlary başlap, beýleki paslyň ilkinji günlerine çenli dowam edýär. Allergiýa bilen ejir çekýänler bu döwürde has duýgur bolýarlar. Alymlaryň bellemegine görä güýz aýlarynda allergiýanyň esasy çeşmesi gülleriň tozgajyklarydyr. Güýz paslynyň gelmegi bilen baglaryň ýapraklary gaçýar, ondaky tozgalar bolsa howa üsti bilen adam bedenine düşýär. Güýz aýlary esasy allergen bolup, ambroziýa ösümligi çykyş edýär. Onuň tohumlary ýel bilen ýüzläp kilometr daşlyga ýaýrap bilýär. Käbir adamlarda bolsa, gaýyp düşýän ýapraklardaky dörän heňler hem allergiýany döredip biler. Bu pasylda otagyň içindäki gurak howa hem allergiýanyň döremegine getirip biler. Bu duýgurlygyň ýokarlanmagyny adam bedenine daşky gurşawyň howa şertleriniň, nädogry iýmitlenmegiň, ruhy dartgynlyk ýagda- ýynyň täsir edýändigi bilen hem düşündirýärler.

NEXTTM
05 ноября 2019


NEXTTM
05 ноября 2019

Mayichka gowy maglumatlary ýetirip duranyňyz üçin minnetdar

NEXTTM
05 ноября 2019

Mayichka gowy maglumatlary ýetirip duranyňyz üçin minnetdar

NEXTTM
05 ноября 2019

Mayichka gowy maglumatlary ýetirip duranyňyz üçin minnetdar


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07556 sek. ýüklenen baýt: 32929