Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Bagtyň syry
Ýazylan wagty: 04 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Bir söw­da­gär bag­tyň sy­ry­ny bil­mek üçin
og­lu­ny akyl­da­ryň ýa­ny­na ýol­lap­dyr. Ýigdek­çe çöl­lük ýer­den kyrk gün ýö­räp, ahyry da­gyň de­pe­sin­dä­ki aja­ýyp köş­ge ba­ryp
ýe­tip­dir. Em­ma onuň da­na ki­şi bi­len asu­da
ýer­de, imisa­la­lyk­da du­şuş­mak ta­ma­sy çykman, gaý­tam şow­hun-şa­ga­la­ňyň möwç ur­
ýan ja­ýy­na dü­şüp­dir: bu ýer­de tä­jir­ler girip-çy­kyp, adam­lar öza­ra gür­le­şip ýö­ren
eken, burç­da üs­tün­de şol je­le­gaý­la­ryň aň­
ry­baş ta­gam­la­ry goý­lan stol bo­lup, bir­ne­me
uzag­rak­da ki­çeň­räk sa­zan­da­lar to­pa­ry şi­rin
mu­kam­la­ry çal­ýar eken. Akyl­dar her jü­re
adam­lar bi­len gür­le­şip otu­ran­soň, ýig­dek­çe
no­ba­ty gel­ýän­çä, iki sa­ga­da go­laý ga­raş­
ma­ly bo­lup­dyr. Da­na ýig­dek­çä­niň öz ýa­nyna gel­me­gi­niň se­bäp­le­ri ba­ra­da­ky dü­şündi­riş­le­ri­ni dyk­gat bi­len diň­läp­dir-de, oňa
bag­tyň sy­ry­ny aç­mak üçin wag­ty­nyň ýokdu­gy­ny aý­dyp, köş­güň için­de ge­zim edip,
iki sa­gat­dan soň gaý­ta­dan do­la­nyp gel­me­gi
mas­la­hat ber­ýär.
Okalan sany: 64   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
04 ноября 2019

Dowamy Akyl­dar ki­çi­jik çem­çe­ji­giň içi­ne iki damja ýag dam­dy­ryp, ýig­dek­çä uzad­ýar-da, sö­ zü­niň üs­tü­ni ýe­ti­rip, şeý­le diý­ýär: — Her­ ni­çik-de bol­sa, men bir za­dy ha­ýyş et­jek. Köşk­de ge­zim edip ýör­käň, için­dä­ki ýag dö­kü­läý­mez ýa­ly, he­mi­şe şu çem­çe­ji­gi eliň­de sak­la. Ýet­gin­jek tag­zym ed­ýär-de, çem­çe­jik­den gö­zü­ni aýyr­man, köş­güň dä­liz­le­ri­ne hem ge­çel­ge­le­ri­ne aý­lan­ýar. Dog­ry iki sa­gat­danam akyl­da­ryň ýa­ny­na do­la­nyp gel­ýär. — Ha­wa, nä­hi­li — di­ýip, akyl­dar on­dan so­ra­ýar. — Sen me­niň na­har­ha­nam­da­ky pars ha­ly­la­ry­ny gör­düň­mi? Sen on ýy­lyň do­wamyn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len aja­ýyp se­ýil­gä­ hi syn­la­dyň­my? Sen ki­tap­ha­na­da­ky ga­dy­my gol­ýaz­ma­la­ra üns ber­diň­mi? Ýet­gin­jek al­jy­rap, hiç za­dy gör­män­di­gini bo­ýun al­ýar. Onuň bar ala­da­sy akyl­da­ryň yna­nyp be­ren iki dam­ja ýa­gy­ny dök­män- saç­man ge­tir­mek bo­lup­dyr. Akyl­dar: — On­da nä­me, yzy­ňa do­lan-da, mül­kümdä­ki aja­ýyp­lyk­lar bi­len ta­nyş. Ýa­şa­ýan öýi bi­len ta­nyş­ma­dyk ada­ma bil bag­lap bol­maz ahy­ryn — di­ýip­dir. Ýet­gin­jek çem­çe­ji­gi al­ýar-da, ýe­ne köş­ güň içi­ne ge­ze­len­je ug­ra­ýar. Bu sa­par ol da­ şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ri­len geň-ena­ýy zat­la­ry, elin­den dür dö­kül­ýän us­sat­la­ryň ýe­ri­ne ýe­tiren su­rat­la­ry­ny hem-de reňk­li aý­na­dan edilen na­gyş­la­ry syn­lap çyk­ýar. Ol dag­lar bi­len gur­şa­lan bag­la­ry hem iň­ ňän nä­zik gül­le­ri gör­ýär, her bir sun­gat eseri­niň ju­da in­çe­lik bi­len hut ge­rek ýe­rin­de goý­lan­dy­gy­na haý­ran gal­ýar. Akyl­da­ryň ýa­ny­na do­la­nyp ge­len­soň, ýetgin­jek gö­ren zat­la­ry­ny uly şat­lyk bi­len birin-bi­rin be­ýan ed­ýär. — Me­niň sa­ňa yna­nyp be­ren iki dam­ja ýagym ha­ny? — di­ýip, pä­him­dar on­dan so­ra­ ýar. Ýet­gin­jek çem­çe­ji­ge na­za­ry dü­şen­den, bar ýa­gyň dö­kü­len­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär. — Yn­ha, şu­nuň özi me­niň sa­ňa ber­jek ýeke-täk ne­si­ha­tym: bag­tyň sy­ry çem­çäň­dä­ki iki dam­ja ýa­gy hiç ha­çan göz­den sal­man, jaha­nyň äh­li tä­sin­lik­le­ri­ni syn­la­mak­da­dyr.

NEXTTM
05 ноября 2019

tüweleme ajaýyp zatlary biziň dykgatyma ýetirip durýarsyňyz janyňyz sag bolsun öwrenmäne zat köp


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07110 sek. ýüklenen baýt: 34957