Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýew­ro­pa döw­let­le­riň ara­syn­da Ita­li­ýa iň köp wul­kan­ly ýurt ha­sap­lan­ýar
Ýazylan wagty: 06 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Ita­li­ýa­nyň ke­nar­la­ry­ny üç sa­ny de­ňiz
ýuw­ýar. Olar gün­ba­tar­da Ti­ren we Li­gu­riý
deň­zi, gün­do­gar­da Ad­ria­ti­ka deň­zi, gü­norta­da bol­sa Ion we Or­ta­ýer deň­zi bi­len serhet­leş­ýär.
Dün­ýä kar­ta­sy­na se­re­de­niň­de, Ita­li­ýa
geog­ra­f­ki taý­dan ýer­le­şi­şi bo­ýun­ça ädi­gi
ýa­dy­ňa sal­ýar.
Ýew­ro­pa döw­let­le­riň ara­syn­da Ita­li­ýa
iň köp wul­kan­ly ýurt ha­sap­lan­ýar. Ola­ryň
iň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri hem We­zu­wiý wul­kany­dyr.
Ita­li­ýa dün­ýä­de iň berk ni­ka­ly­la­ryň ýurdy ha­sap­lan­ýar. Bu ýer­de ni­ka bo­zuş ýagda­ýy üç ýy­la çen­li çe­kip bil­ýär.
Ita­li­ýa­da adam öm­rü­niň or­ta­ça do­wamly­ly­gy 83 ýaş bo­lup, bu gör­ke­zi­ji Ýew­ro­pa­da
iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri­dir.
Ita­li­ýa­nyň Bo­lon­ýa uni­wer­si­te­ti di­ňe bir
Ýew­ro­pa­da däl-de, eý­sem, tu­tuş dün­ýä­de
hem iň ga­dy­my uni­wer­si­tet­le­riň bi­ri­dir. Ol
1088-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lyp, şon­dan bä­ri
hem işi­ni üz­nük­siz do­wam et­dir­ýär.
Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
06 ноября 2019

BMG-niň dü­zü­min­dä­ki ÝUNESKO Ita­li­ ýa­nyň 50-den gow­rak ýa­dy­gär­lik­le­ri gir­ýär. Bu bol­sa Ita­li­ýa­nyň dün­ýä mi­ras be­ren ýä­ dy­gär­lik­le­ri­niň dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­leri­niň­ki­den ep-es­li köp­dü­gi­ni gör­kez­ýär. Ita­li­ýa­da gi­je sa­gat bir­den daň­dan sa­gat bä­şe çen­li plýaž­la­ra bar­mak ga­da­gan. Eger-de siz ital­ýan res­to­ran­la­ryn­da ýa- da ka­fe­le­rin­de na­ha­ry gaýry di­l­de bu­ýur­sa­ ňyz, ba­ha­la­ryň iki es­se gal­ma­gy müm­kin. Ýer­li ilat we sy­ýa­hat­çy­lar üçin nyrh­lar tapa­wut­lan­ýar. Ita­li­ýa­da piz­za­nyň 2000-den gow­rak gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň için­de iň mil­li­si Marga­ri­ta at­ly piz­za­dyr. Ol taý­ýar­la­ny­lan­da hö­kma­ny su­rat­da po­mi­dor, mo­sa­rel­lo we reý­han ze­rur­dyr. Beý­le­ki ýurt­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da Itali­ýa­da 17-lik san şow­suz ha­sap­lan­ýar. Esasa­nam an­na gü­ne ga­bat ge­len ýag­da­ýyn­da. Bu ola­ryň öz yrym­la­ry bo­lup, ol şeý­le many­ny ber­ýär. Eger 17-lik sa­ny rim sifr­le­ri­ne ge­çir­sek XVII eme­le gel­ýär. On­da­ky sifr­leriň ýe­ri­ni üýt­get­sek, şeý­le gör­nüş­dä­ki VIXI söz eme­le gel­ýär we la­tyn­ça­dan ter­ji­me ede­niň­de «dur­muş gu­tar­dy» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Ital­ýan baý­da­gy üç reňk­den yba­rat bolup, ýa­şyl-yna­my, gy­zyl-söý­gi­ni ak bol­sa umy­dy aň­lad­ýar. Rim döw­le­tiň paý­tag­ty bo­lup, dün­ýä­de iň ga­dy­my şä­her­le­riň bi­ri­dir. Ol b.e.öň­ki 753-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lyp­dyr. Ital­ýan­la­ry bi­ri-bi­ri­ne fut­bo­la bo­lan söý­ gi has-da ýa­kyn­laş­dyr­ýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06277 sek. ýüklenen baýt: 33336