Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Güýz pasly barada
Ýazylan wagty: 07 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Ýapraklaryň tänmegidir ýagyşlaryň has
ýygy-ýygydan ýagmagy ýaly tebigy hadysalaryň agdyklyk etmegi netijesinde, güýz
paslynda ynsanlaryň psihikasynda oňaýly
üýtgeşmeler bolup geçýär. Şonuň üçin
hünärmenler bu pasylda adamlarda gorky
duýgularynyň has peselýändigini belleýärler.
Güýzde ýapraklaryň gyzarmagynyň sebäbi, onuň ujundaky şekeriň bütin bölegine
ýaýrap bilmeýändigi üçindir.
Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
07 ноября 2019

Beýleki pasyllara garanyňda, durmuş toýlary güýzde has köp tutulýan eken. ▶ Miçigan uniwersitetiniň geçiren barlaglaryna görä, güýz paslynda ynsanlaryň ýürek kesellerine duçar bolmak howpy ep-esli azal­ ýar. Hünärmenler munuň sebäbini güýzde adamlaryň bir sagat artyk ýatmak mümkin­ çiligine eýedikleri bilen düşündirýärler. ▶ Güýz paslynda saçlaryňyzyň has köp dökülýändigine üns berdiňizmi? Munuň sebäbi saçlaryň uzaýyş döwri bilen baglany­ şykly. Tomus paslynda bedenimiz kelle derimizi Günden goram a k ü ç i n saçlarymyzyň has gür bolmagyny üpjün ed­ ýär. Güýz gelip, howa salkynladygyça bu zerurlyk aradan aýrylýar we saçlarymyz «telogen» atlandyrylan döwre girip, has köp dökülmäge başlaýar. ▶ Ekwatorda we onuň töwereginde hiç haçan güýz pasly bolmaýar. ▶ Awstraliýada we Täze Zelandiýada güýz resmi taýdan 1-nji martda başlanyp, 31-nji maýda hem tamamlanýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07193 sek. ýüklenen baýt: 30443