Türkmenabadyň pamyk egiriji fabriginde 44 tonna önüm Türkiýä eksport edildi
Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginden 44 tonna 34-lik nah ýüplük Türkiýe döwletine ugradyldy. Öňdebaryjy fabrikde geçginli harytlyk önümleriň öndürilişi barha artdyrylýar ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Kärhananyň zähmetkeşleri tamamlanyp barýan ýyly üstünliklere beslemek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň birleşen tagallalary ýerine-de düşýär. Oňa üstümizdäki ýylyň geçen on aýynda nah ýüplükleriň 2890 tonna golaýynyň öndürilendigi hem şaýatlyk edýär. Ol önümlere ýurdumyzyň dokma toplumlarynda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. Munuň özi bu ýerde hil meselesiniň hemişe üns merkezinde saklanylýandygyndan, işleriň tehnologik talaplara laýyklykda guralýandygyndan habar berýär. Pamyk egrijiler ýylyň galan iki aýynda hem tutanýerli işläp, täze sepgitleri eýelemegi maksat edinýärler.