Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Türkmen arheologlary Amul galasynda gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler
Ýazylan wagty: 07 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Türkmen arheologlary Amul galasynda gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarynyň gatnaşmaklarynda golaýda Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýän Amul galasynda gazuw-agtaryş işleri geçirildi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berdi.

Bu ýerden küýze we keramiki önümleriň, mallaryň süňkleriniň tapylmagy ir döwürlerde gadymy Amulda hünärmentçiligiň we küýzegärçiligiň, şeýle-de çarwaçylygyň gülläp ösenligine güwä geçýär. Tapylan küýzelerde we keramiki eserlerde dürli reňkleriň ýerlikli ulanylmagy pederlerimiziň irki döwürlerde inçe sungatdan baş çykaryp bilendiklerini tassyklaýar. Arheologik işleriň netijesinde bir diwaryň ýüze çykarylmagy bolsa, bu mekanda hünärmentçilik üçin ýörite desgalaryň gurlandygy hakyndaky çaklamalary öňe sürmäge esas berýär. Gazuw-agtaryş işlerine gatnaşan Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň ynsanperwer-durmuş bilimleri fakultetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary üçin arheologlaryň gözleg işleri özboluşly tejribe mekdebi boldy.
Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,19904 sek. ýüklenen baýt: 29951