Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
sen näme garaşýaň durmyş saňa näme hödürleýär
Ýazylan wagty: 07 ноября 2019 Ýazan NEXTTM

Gürrüňini edeniňe-de degip duran zat däl welin, ýaşyň gaýdyşansoň sähel zadam uly alada bolsa bolaýýar eken. Gepiň gysgasy Bäşim aga sakgal goýbertsem diýen karara geldi. Dogrusy, altmyşyň ýarsyndan aşansoň, üstesinede oba arasynda gezýän ýaşuly her iküç günden eňegini gazap ýörmekden bizar boldy. Deň-duşlaram kileň sakgally. Diline buýrup bilmeýänlerden “Haçana çenli eňegiňi ýilpardyp ýörjek?” diýýänem tapylýar. 

Aslynda, “Sakal geçide-de bar” diýip ýören Bäşim aga özüne aňsat-aňsat sakgally-sarmykly bolaryn öýtmeýärdi. Içinden “Men nire, sakal nire? Käşgä Mämmetoraz pahyr ýaly, hakyky ýaşuly bolsam…” diýerdi. Sakgal goýbermegi birhili özüňi bolşuňdan has epeý, paýhasly görkezjek bolmak diýibem hasaplardy. “Adyny tutmaýyn, pylana-ha sakaly, köçede durýan “alataýaklylar” degmesin diýip goýberdimem diýäýýär” diýip ýylgyrardy. Yzyndanam “Aý, degişgen adam-da, oturanlary güldürjek bolubam diýse diýýändir” diýip, gürrüňini ýuwmarlardy. 

Ertir çaýyny öňüne alan goja şeýleräk pikirlere gümra bolup oturşyna birden açylan gapa tisginip gitdi. Gelen ýigdekçe Sähetdurdylaň sadaka edýänini aýdyp gitdi. Indi ber habary.  Gürrüň gürrüň bolýar, sadakada edere gürrüň tapman oturanlaň arasynda syr bermediksiräp oturmakda iş bardyr.

 “Hakyna seredeň-dä kemem däl, çybynlaryny ýarsynlar, soň goşulşyp-garyşyp giderin…”

 Başim aga çala açyk galan gapyň yşyndan goňşy otagda duran uzyn aýnada görünýän sypatyny synlady. Oňa bäş-alty gün bäri syrylmadyk sakgally hüžžerip duran ýaly göründi. Ýaşuly birki ýyllykda dünýeden öten, ýegre dosty Mämmedi ýatlanyny duýman galdy. O bolan bolsa, garaz, timar berilýärmi, nädilýämi salgy bererdi. Bolmanda üşmeleňde gürrüňi başga zada sowardy. “Dost diýlen diňe oglankaň däl, garraňda-da gerek ekenow” diýip içini gepleden goja aýnadan gözüni sowdy. Soňam käsä guýan çaýyny sowandyr öýdüp owurtlan goja agzyny ýakdy. Hernä owurdyndakyny yzyna dökmedi, gyzgynam bolsa ýuwutdy. Ýuwutsa-da ýuwutdy welin, gyzgyn onuň gyzylödegini yzarlap gitdi. Garry käsesini gaharly ýerde goýdy, öz-özüne “Häý, towşanýürek, namartaý” diýip käýindi. 

“Sakal sakaldyr-da, ilde görülmedik zatmy? Iliň seň sakalyňdan başga derdi ýokmy diýsene. Agzymy-burnumy ýakyp, bolup oturşymy.” 

Ýyllary sanasaň ep-esli, ýaşuly diýseň gelşip dursa-da, Başim aga-da entek gurp bardy. Ol biraz ünsüni üýtgedesi gelip, daş çykdy. Gapyda sähelçe depilmän galan ýeri görüp, pili alaga-da “agdar-düňder” edesi geldi, ýöne dikilgi duran pile ýapyşybermedi. “Şujagazam depip goýbermel-ä” diýip ýaňy burnunyň aşagy garalyp ugran agtygyna käýindi-de goýdy. Gapyda gara gören goýunlardan biri mäledi. Olaryň öňündäki nowa boşdy. Bäşim agaň eline orak alyp, ýaňy güle duran ýorunjadan ýygmaga oturanam şoldy, arkasyndan “Bäşim!” diýen sesi eşitdi. Bu özünden iki ýaş uly Çary agaň sesidi. Olar duldegşir goňşy oturýardylar. Bäşim aga dikeldi. Hemişeki endigi, dikeli-dikelmän “Men bärde, salawmaleýkim” diýdi. Mydama şäher edaralarynda işlän, boýnundaky galstugyny ýaňy-ýaňy aýyran Çary “Gowymy?” diýip, ýüzüni keseräk sowup, inisine bir elini uzatsa-da sakgalyna seretmänem durup bilmedi. Ýogsa aýalynyň säher bilen “Iniň, sakgal goýberdip ýör, sen haçan düzeljek?” diýmesine ýorganyny biygtyýar gaharly serpse-de, sesini çykarmadyk Çary agaň gaharyna ýeňse damary gatap gidipdi. 

“Namazyňy okaýaň – geziber-dä, sakgal nirden ýadyňa düşdi? Indi bi günüme goýmaz.” 

Onuň “bi” diýýäni aýalydy. 

“Täze ýylda ýa sekizinji martda hezil edip oturmadan goýaýjaksyňyz welin…”

Çary agaň inisiniň sakgally sypatyny göresi gelip, ýüregi aýrylyp baranokdy, ýöne şonda-da durup bilmedi. Nähilidir bir düşündirmesi kyn duýgy ony “Bar, gör” diýip itekleýän ýaly boldy. 

-      Ot ýygýaňmy?

-      Aý, tokullaň öňüne bir gysym ataýaýyn diýdim. Ýör, öýe gireli.

-      Öýde näm bar? 

-      Aý…

-      Bolýa, men gitdim. Näme diýilýä, “Sakgalyň gutly bolsun” diýmelimi? Men-ä bilemogam. Garaz, şo-da.

-      Sag bol. 

-      Bolýa gitdim.

Çary aga gelişi ýaly çykyp gitdi. Bäşim aga-da agasynyň düýş ýaly gelip gitmesine birhili bolup, otuny ýygmaga oturdy. Gözüňe söweýin, boýy ýeten ýorunja, ýapraklaram eliň aýasy ýaly, sähel salymda bir goltuk boldy. Ýaşuly ony “toklularynyň” öňüne dökdi. Çommalyp oturyp, olaryň gök oty işdämen iýişlerini synlamaga durdy. Ýaşulyň gözleri goýunlarda bolsa-da, pikiri alyp gaçýardy.

“Beh, birhili bol-daý. Agamdan öňe düşäýen ekenim-ow. Özümi “Men pylan agadyryn” diýip ile mazamlan ýaly. Ýaňky “Sadaka bile görnüp gaýdaly” diýjek boldu-da soňam diýibilmän çykyp gidiberdi öýdýän. Men-ä inisi halyma sakgalymy öňüme tutup barsam, agamam… Aslynda başyňa sele oraňda-da agaňa näme diýsene.”

Bäşim aga dikeldi. Goýunlar ot bilen başagaý, hiçisiniň oň bilen işi ýok, hersi gapdalyndakydan köpräk iýjek. Ýaşuly oragy alan ýerinden goýup, ýene öýe girdi. 

“Eline ýapyşamok. Senem sakgal goýberdersiň diýemok. Özüm goýerdemde-de agama pijjiň atmak niýet bilen goýbermedim. Asla agam ýadyma-da düşmändir…”

Bäşim aga “Düşäýen bolsa, belki sakgalymy ösdürmezdim” diýjek boldu-da – diýmedi. Diýmese-de ýaşulyň agasyna hormaty ýürekdendi. Onuň näçe ýyl şäherde, pully edaralarda “gowja” wezipelerde işlese-de çagalaryna haram iýdirmän ulaldanyna hemişe haýran galardy. “Özüm-ä muny başarjagyma ynamym ýok” diýerdi. Belki, haramdan gorkusynadyr, Bäşim agaň gaçgyny edarada, onda-da “pully” ýerde işlemek bolupdy. “Hökümede hezil berip işlänem däldirin” diýip boýun alýan ýaşuly, ömrüni daýhançylyk edip geçiripdi. Käşir ekerdi, sogan, kartoşka ekerdi. Bazara äkidibem satardy. 

“Haý, agam. Käýinip barýamykan-aýt?”

Çary aga inisiniň ýanyndan çykyp, birden nirä gitjegini bilmän durdy. Yzyna öýüne barasy gelmedi. Dolanyp, Bäşimiň ýanyna girmejegiňem belli. Şähere ötägideýin diýse, ulagam ogly münüp gitdi. Ýaşuly ýüzüniň ugruna, günbatarlygyna tutdyryp ýöräberdi. 

“Bütin ömrüme ugrumy ýitiren ýaly ýaşap ýörmükäm-aý? Aý, edil beýle däldirlaý. Bizem goýbereris-dä. “Sakgalyňdan utan” diýiläýmesem barda-how. Utanmaly zatdan utanmalydyrlaý, sakalyň bolsun – bolmasyn. Onda-da… Bäşim-ä gowy gelşipdir…”

Birdenem ýaşuly ýol baglanyp dikilen çadyry gördi-de Sähetdurdylaň sadaka edýäni ýadyna düşdi. 

“Bul-a bolaýdy. Irgözinden görnüp gaýdaýyn. Naharlary ýetişendirle.” 

Bäşim aga-da bir salymdan sadaka bardy. Geň galaýmaly. Hiç kim oňa degen bolup, teýeneli gep atmady. “Sakgaldaşlarynyň” baram onuň ýagdaýyny owal başdan geçirendir-dä, her kim “Gutly bolsun” diýdi goýdy. Üýtgeşik begenýänem ýok, gynanjag-a asylam. Çary aga-da kän oturman turup gaýdansoň, olar gabadam gelişmediler.  

Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05309 sek. ýüklenen baýt: 44330