Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Guş (gysgajyk hekaýa)
Ýazylan wagty: 07 ноября 2019 Ýazan NEXTTM

Oňa ne jyn urdy, bir gün şäherde ber-başagaý bolup ýörşüne balyjaklar, guşjagazlar satylýan dükana girdi. Nädip gireninem bilmedi. Guşjagazlaryň jürküldisine diň salmanyna-da esli ýyl bolupdyr - şol oglanjykka obaň gaýrasyna gidip goýun bakýan ýyllaryndan bäri näçe ýyl geçdi. Durup bilmedi, biriniň bahasyny sorady. Baha bahanady, jogaby eşder-eşitmez jübsünden pul çykardy. Çagalar-a hezil eder, ejelerem bir çytylar goýar-da. Diýişi ýaly, çagalary guşjagazy görüp guş bolup uçdular. Şäher ýerinde olaryň goýun bakmajagy, guşuň saýraýşyny goýnuň otlap ýörkä diňlemejekleri belli. Ejelerem tamany ödedi. Şol bada "Nämetjekdiň, pul berip? Hapasyny ýygnamagam maňa dertdir-dä" diýdi. Onuň diline gelenem şu jogap boldy: "Ikimiz gygyrşamyzda, guşa gözümiz düşüp utanar ýaly diýip aldym…"
Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05316 sek. ýüklenen baýt: 29192