Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Napoleon kökesiniň adynyň gelip çykyşy
Ýazylan wagty: 07 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Napoleon kökesi süýjülik hökmünde islendik kişini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, onuň adynyň hem nireden gelip çykýandygy hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek. Haçanda ol baş harp bilen ýazylanda, Napoleon fransuz harby lideri hökmünde bilinýär. Setir “n” harpy bilen başlansa, inçe hamyr ýapraklardan gatlanan kremli köke göz öňüne gelýär. Muňa garamazdan, datly tagamyň Fransiýa taryhynda yz goýan meşhur general bilen dahylly ýeri bolman, gaýta ol aslyny italiýan aşhanasyndan alyp gaýdýar.

Datly tagamyň düýp ismi “napolitain” ýa-da iňlis dilinde “neapolitan” – bu neapollylaryň stili boýunça şirin lezzet diýmekligi aňladýar. Neapolitan nygmaty aşhana sungatynda başga bir ägirt açyş bolan pissa bilen tanymal bolup, bu konditer önümiň ýanynda bärden gaýdýandygyna güwä geçilýär. Fransiýada “mille-feuille” diýlip atlandyrylýan bu süýjüligiň ady Italiýada kämahal “millefoglie” diýlip hem tutulyp, töweregi krem bilen gaplanan gat-gat hamyr ýapragyň gadymy terjimesi “müň ýaprak” ekeni. Beýik fransuz aşpezi we konditer bezegçisi Karem 1800-nji ýyllarda bu önümi ilkinji şöhrata ýetiren kişi bolupdyr. Hatda şonda ol munuň has gadymdan gelýändigini belläpdir.

Ol Neapolyň aşpezlerini bu açyşlary üçin arşa çykarmaga hakly hasaplapdyr. Çünki Neapolitan aşpezleri özleriniň ägirt bişiriş ýollarynyň inçeligi, süýjüden duzly, gatydan ýumşak, kytyrdylydan taýgançak ýüzli iýmitlerini ussatlarça taýýarlamakda at-abraýa mynasyp bolupdyrlar. Neapolly aşpezler onlarça ýyl bäri bu önümi bişirip gelseler-de, fransuz aşpezi adyny utgaşdyrmak we depesine ownuk köke gyryndylaryny sepelemek arkaly önüme öz möhürini basypdyr.

Bu tagamyň ilki döreýşi, Karemiň çaklaýşy ýaly, has alyslara daýanýan bolsa gerek. Gadymy rimlileriň fransuzlaryňky ýaly süýjülikleri bolmasa-da, olaryň ýukajyk külçeleri ýa-da bal, krem, ereýän peýnir düşelen hamyr ýaprak dolamasy bolupdyr. Plasenta ady bilen, bu gelşikli süýjülik häzirki “napoleona” çalymdaş. Mundan başga-da, onuň grek pahlawasy bilen baglanyşygynyň bardygy ýüze çykdy, ýöne Ortaýer deňziniň tagamlaryndan tapawutlylykda, Rime mahsus görnüşleri elmydama dogralan hozuň deregine içi krem bilen doldurylýar.

Her näme-de bolsa bu süýjülik tagamynyň çaý başynda datlylygy bilen göwnümize hoşluk getiren, emma biziň şu güne deňiç adynyň düýp manysyny pikirlenişimizden tapawutly bolmagy haýrana goýýar. Mundan beýläk, her görenimizde aslyny bilmegimiz ýüzümize ýylgyryş getirip biler.

Taýýarlan Aýjemal GURBANOWA
Okalan sany: 13   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06058 sek. ýüklenen baýt: 32270