Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Güýz ýapgylary
Ýazylan wagty: 07 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Güýz ýapgylary
Gözellik we sagdynlyk. Gözellik we sagdynlyk. Gözellik we sagdynlyk. Gözellik we sagdynlyk. Gözellik we sagdynlyk.
2 çaý çemçe şekeri, 1 çaý çemçe kofäni, 1 çaý çemçe wanilin
ýagyny gowy alşar ýaly garyşdyrmaly. Soňra ýapgyny ýüze çalyp,
10 — 15 minut saklamaly we ýuwmaly. Ýapgy ýüzi arassalaýar we
oňa ýumşaklyk berýär.
* * *
2 çaý çemçe ary balyny 1 çaý çemçe bagülüň suwuna garmaly. Ýapgyny ýüzüňizde 1 sagada golaý saklamaly. Bu melhem
ýüzdäki ýygyrtlaryň azalmagyna kömek edýär.
* * *
Blenderden 1 — 2 sany ýeralmany geçirmeli we ony 1 çaý çem­
çe limon suwuna garmaly. Ýapgyny ýüzüňize ýaýratmaly. 10 minutdan soňra ýüzi mylaýym suw bilen ýuwmaly. Ýapgyny ýüzüniň derisi
ýagly zenanlara ulanmak maslahat berilýär. Çünki ol ýüzüň ýaglanmagyny azaldýar.
* * *
4 — 5 sany owradylan aspirin gerdejikleriniň üstüne 1 çaý çemçe
arassa suw, 1 çaý çemçe ary balyny garmaly. Ony ýüzüňize çalany­
ňyzdan soňra, melhem gurap, ýüzüň derisi çekilip başlar. Melhemi
ýüzde 15 minut saklamaly we ýuwmaly. Ýapgy ýüzi nemlendirýär
we öýjüklere güýç berýär.
* * *
1 nahar çemçe süýdi 1 nahar çemçe ary baly bilen garyşdyryp,
ýüze çalmaly. Melhemi ýüzde 20 minut saklamaly we ony çala çyglanan pamyk bilen arassalamaly. Ýapgy ýüzi arassalaýar we oňa
tämizlik berýär.
* * *
1 sany ezilen bananyň üstüne, 1 nahar çemçe süzmäni we
1 nahar çemçe ary balyny garmaly. Olar gowy alşandan soňra,
ýüze çalmaly we 15 — 20 minut saklamaly. Melhem ýüzüň derisini
iýmitlendirýär.
* * *
1 nahar çemçe kofäni, 1 nahar çemçe kakaony we 1 nahar
çemçe süýdi gowy garyşdyrmaly. Soňra ony ýüze çalyp, 10 —
15 minut saklamaly. Ýapgy ýüzuň derisini gyzarmakdan goraýar we
oňa öwüşgin berýär.
* * *
1 ýumurtganyň agyny, 1 çaý çemçe tüwi ununy garyşdyrmaly.
Soňra ýapgyny ýüze çalyp, 15 — 20 minut saklamaly. Melhem ýüzi
arassalaýar we ýumşadýar.
* * *
Ownuk dogralan arpabadyýany (petruşka) 1 nahar çemçe kefir
bilen garmaly we ýüze çalmaly. Melhemi ýüzde 20 minut saklap, soň­
ra ýuwmaly. Ýapgy ýüzdäki düwürtikleriň azalmagyna kömek edýär.
* * *
Bir almany gyrgyçdan geçirmeli, ony ýaglylygy orta derejede
bolan bir çemçe gaýmak bilen garmaly. Taýýar bolan melhemi ýü­
ze çalyp 10 minut saklamaly. Pamyk bilen ýüzi arassalamaly we mylaýym suw bilen ýuwmaly. Ýapgy ýüzdäki ýygyrtlaryň ýazylmagyna
ýardam edýär.
Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05788 sek. ýüklenen baýt: 31034