Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Pikirleriňi üýtgetmegiň açarlary
Ýazylan wagty: 07 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Pikirleriňi üýtgetmegiň açarlary
Tebigatyň döreden magnit meýdany ähli zatlary özünde jemleýär.
Ol her pursatda biziň döreden zatlarymyzy we ynançlarymyzy
şöhlelendirýär.
Dünýäde ähli zat özara baglanyşykly. Biz näme diýýän,
näme pikir edýän bolsak, şol hem bu dünýä öz täsirini ýetirýär. Dünýäde hiç zat ýitip gitmeýär. Şonuň üçin her bir
sözüňize, her bir pikiriňize ünsli boluň!
Biz barlygyň möhüm bir bölegi. Biziň dünýäniň
güýjüne gös-göni ygtyýarymyz bar. Biz bu dün­
ýä tötänden gelmedik, ýogsa biz bu ýerde bolmazdyk. Dünýäde her kimiň öz orny bar, artyk
adam ýok.
Okalan sany: 15   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
07 ноября 2019

Kimdir birine täsir etmek üçin onuň bilen tebigy baglanyşygyň bolmagy hökman däl. Nähili aralykda ýerleşýändigimize garamazdan, biz hemişe özara bagly we jebis. Diňe şonuň üçin golaý adamlarymyzyň başyna bir iş düşende duýgularymyz arkaly ony duýup bilýäris. Biziň durmuşymyzy aňymyz kesgitle­ ýär. Özüň hakda başgaça pikirlenip başla, täzeçe hereket edip başla, seniň dünýäň hem üýtgär. Biziň aňymyz ägirt uly güýje eýedir. Biz aňymyzyň üsti bilen tutuş dünýäni hem üýtgedip bileris. Biz uzak aralykdan diňe bir adamlary däl, eýsem, saýýarlary hem görüp bileris we olara öz söýgimizi hem ýollap bileris. Pikirlerimizi, ünsümizi, duýgularymyzy bagyş edýän zatlarymyz biziň şu günki hakykatymyzdyr. Eger-de bagtly bolmak isleseň, ünsüňi, söýgiňi, üstünlik, şowlulyk, şatlyk ýaly sözlerde jemle. Şonda bu sözler seniň durmuşyňa-da geler. Dil üsti bilen: «Men täze bir durmuşy saýlaýaryn» diýeniň ýeterlik däl, ony duýmagyň, bütin kalbyň bilen oňa ynanmagyň gerek. Haçan-da, siz öz geljekki durmuşyňyzyň hyýalyny eden mahalyňyz, käbir ownuk delilleri hem ünsden düşürmejek boluň. Meselem, siziň mü­ nen ýelkeniňiziň tutawajynyň ýalpyldysy, şöhle saç­ ýan hrustal gülçyrasy, ýoldaşyňyzyň ak gar ýaly mawut matadan tikilen penjegi, deňze bakyp duran öýüňiziň aý­ nasyndan öwüsýän tämiz howa. Duýgularyňyz arkaly tebigat bilen joşgunly gürleşmäge çal­ şyň. Meselem, oňa bolan buýsanjyňyzy daşyňyzdan hem aýdyp bilersiňiz. Özüňizi ähli arzuwlaryňyz hasyl bolan ýaly duýuň. Pikirleriňiziň hakyky güýje eýe bolmagyny isleseňiz, özgeleri aýyplamaň, men-menlik etmäň. Şonda siziň aňyňyz dury bolar we eden arzuwlaryňyz basym hasyl bolar. Dogry gurnalan iş üstünlige eltýän açardyr. Özgelere kömek etmek üçin meniň gurply bolasym gelýär. Üstünlige ýetmek üçin işimiziň şowlamagy gerek. Bolçulygy kabul etmek üçin, gurply adamlaryň pikirlenişini öwrenmegiňiz gerek. Ilki bilen, öz isleýän zadymyzy biz özgelere bermeli, soňra almaly. Söýgi isleýän bolsak, söýmegi başarmaly, bagt isleýän bolsak, özgeleri bagtly etmeli, soňra bu zatlar bize dolanyp gelýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05531 sek. ýüklenen baýt: 32425