Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Baýram han Selime Soltany öz şygyrlarynda wasp edipdir
Ýazylan wagty: 07 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Selime soltan begim
Selime Soltan begim orta asyrlaryň dilewar, şahyr
zenanlarynyň biridir. Selime Soltan begim türkmen taryhynyň belli şahsyýeti, döwlet işgäri we şahyry Baýram
han Türkmeniň aýalydyr.
Orta asyrlaryň awtory Gülbeden begimiň «Huma­
ýunnama» atly eserinde Selime Soltan begimiň dilden
düşmeýän salyhatly gylyklary bilen ile özüni aldyran zenandygy barada şeýle diýilýär: «Ol juda sowatly zenandy, şygyrlaryny mähfi (gizlin, pynhan, ýaşyryn) tahallusy
bilen ýazardy, edep-ekramlylygy, öz mertebesini saklap bilýändigi hem-de her bir işi sünnäläp edýändigi bilen tapawutlanýardy. Durmuşa çykan pursadyna çenli
Selime eýýäm şygryýet sungatyny özleşdiren kämil şahyrdy, köşk zenanlaryna hat-sowat öwredýärdi, olara
taryhdan we edebiýatdan sapaklar berýärdi».
Selime Soltan päk göwünli, süýji sözli, parasatly, ugurtapyjy zenan bolupdyr. Sowatly, özboluşly gözelligiň eýesi, ýanýoldaşyna, ile-güne hemaýatyny gaýgyrmadyk,
şahyrana kalply, näzik tebigatly Selime Soltan begime
«Hatyja-i-asyr», ýagny «Asyryň Hatyjasy» hem diýipdirler.
Baýram han bilen Selime Soltanyň toýy 1557-nji ýylyň dekabr aýynyň ortalaryna tutulýar. Owadanlykda,
asyllylykda, paýhas-zehinlilikde özüni tanadan Selime
Soltan kiçi göwünli, çuň paýhasly, batyrgaý serkerde
Baýram hana tüýs mynasyp hasaplanypdyr.
Baýram han Selime Soltany öz şygyrlarynda wasp
edipdir. Onuň:
Gözelleriň soltanyna Baýram nöker hem bendidir,
Jahandaky şalar içre sen-de meniň soltanym sen
— diýen setirleri hem hut Selime Soltana bagyşlanyp
ýazylan setirlerdir.
Patyşa neslinden bolansoň, köşkde Soltan begim
diýip ýüzlenilen Selime pars, hindi, türki, urdu dillerini
bilipdir. Selime Soltan begimiň şahsy kitaphanasy bolupdyr we ol şahyrlara, alymlara mydama ýakyndan
hemaýat edipdir.
Selime Soltan entek ýaşlyk ýyllaryndan çeper dö­
redijilik bilen gyzyklanypdyr. Ol türkmen taryhynda öz
ýazan şygyrlary bilen hem yz goýan zenanlaryň biridir.
Okalan sany: 7   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06188 sek. ýüklenen baýt: 30525