Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
HALKYŇ HEMRASY HEM HAZYNASY
Ýazylan wagty: 07 ноября 2019 Ýazan Mayichka
HALKYŇ HEMRASY
HEM HAZYNASY
Ömürlere öwüşgin, göwünlere ganat eçilýän bir hazyna bar.
Oňa kitap diýilýär. Türkmende bu hazynanyň
sarpasy juda belentde tutulýar. Sözüň agramyna,
gymmatyna, many-mazmunyna gowy düşünen parasatly
pederlerimiziň bize goýup giden gymmatly mirasynda bu
hazyna aýratyn orun degişli. Çünki ol türkmeniň
paýhas-parasada, akyla, çeper söze goýýan
çuňňur hormatyny alamatlandyrýar.
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
07 ноября 2019

Hawa, ata-babalarymyz kitap diýilýän hazynanyň hümmetine magat göz ýetiripdirler. Şahyrana halkymyzyň döreden aýtgylarynyň, nakyldyr matallarynyň, goşgy- şygyrlarynyň, atalar sözleriniň aňyrsynda ýylpyldap gidýän many uçgunlary hem parasatly pederlerimiziň okumyşlygyndan habar berýär. Şonuň üçin-de, okaýan adama biziň illerde aýratyn hormat bilen garal- ýar. Türkmeniň kitaba bolan garaýşy, söze goýýan hormaty ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredýän eserlerine hem siňipdir. Kitabyň gymmaty hakynda gürrüň açylanda, hemişe diýen ýaly, guwanyp oturan guba düýesini bir kitaba çalşan Welmyrat aganyň çeper keşbiniň biygtyýar ýada düşmesi hem şondan. Belli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynyň bu gahrymanynyň mysalynda bir jaýdar söze düýäni däl, hatda dünýäni bermäge taýyn türkmen aganyň keşbi ör-boýuna galýar. Kitap halkyň aňyny, üşügini, dünýä- garaýşyny ösdürýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýän parasatly setirleri hem şu aýdylanlary aňryýany bilen tassyklaýar. Magtymguly ýaly şahyry bolan türkmeniň söze goýýan sarpasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da aýdyň ýüze çykýar. Munuň sakasynda bolsa dürdä- ne kitaplary ýazyp, halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi dur. Hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan, taýsyz zehininden kemal tapan bu kitaplar häzirki wagtda dünýä dillerine terjime edilip, söýlüp okalýar. Bu ajaýyp kitaplar türkmen paýhasynyň dünýä çykmasydyr, türkmeniň ýiti sözüniň älem jahana ýaýylmasydyr. Nesip bolsa, ertir paýtagtymyzda açyljak XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy hem-de «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly ylmy maslahat türkmen halkynyň çeper söze, kitaba goýýan hormatynyň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrüler. Halkymyzyň durmuşyndan aý- rylmaz orun alan bu hazynanyň biziň illerde näderejede aýap-apalanyp, söýlüp, sungat derejesine ýetirilýändigine ýene bir ýola dünýä halklarynyň ünsüni çeker. Bu sergi-ýarmarkasy oňyn başlangyçlary, parahatçylyk söýüjilikli hem-de dostluk syýasaty bilen dünýä özüni tanadan türkmeniň kitap bilen dünýäniň ýüregine ýol salmagyna mümkinçilik döreder.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05981 sek. ýüklenen baýt: 32388