Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Welimuhammet Hoja (Eýran): «„Gorkut atanyň“ gadymy nusgasyny türkmen elipbiýinde çap etmegi meýilleşdirýäris»
Ýazylan wagty: 08 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Welimuhammet Hoja (Eýran): «„Gorkut atanyň“ gadymy nusgasyny türkmen elipbiýinde çap etmegi meýilleşdirýäris»
Aşgabatda geçirilen halkara kitap sergisine Eýran Yslam Respublikasyndan hem köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Serginiň eýranly myhmany, gadymy kitaplary we golýazmalary toplaýjy Welimuhammet Hoja serginiň özünde galdyran täsiri we alyp barýan işleri dogrusynda türkmen metbugatynyň wekillerine şeýle gürrüň berdi:

— Aslynda, islendik sergidir ýarmarkalar geçirilende täze mümkinçilikler, täze gözýetimler açylýar. Men bu babatda öz alyp barýan işimden ýekeje mysal getireýin. Men bir ýyl mundan ozal «Gorkut ata» kitabynyň 200 ýyl bäri gözlenilýän gymmatly nusgasyny Eýrandan tapdym. Bu kitabyň ozal Germaniýada 12 boýdan, Watikanda 6 boýdan ybarat nusgasy bardy. «Gorkut atanyň» Eýrandan tapylan nusgasy bolsa 14 boýda beýan edilen kyssalary özünde jemleýär. Dogrusy, «Gorkut ata» kitabynyň arap elipbiýinde ýazylan bu nusgasy dünýä jemgyýetçiliginde, aýratyn-da, türki dilli halklarda uly gyzyklanma döretdi. Türkiýede, Gazagystanda, Azerbaýjanda bolup, bu gymmatly kitap we ony türki dillere terjime etmek baradaky mesele boýunça çykyş etdim, telegepleşiklere gatnaşyp, onuň ähmiýeti dogrusynda gürrüň berdim.

Ine, bu gün bolsa biz ata Watanymyz Türkmenistanda. Şu günki kitap baýramçylygyna gatnaşmak arkaly «Gorkut ata» kitabynyň bu nusgasyny türkmen elipbiýinde çap etmek boýunça türkmen tarapy bilen pikir alyşmak, bu ugurda anyk wezipeleri kesgitlemek biziň esasy maksadymyzdyr. Häzir bu kitaba Fransiýada, Germaniýada, Beýik Britaniýada uly gyzyklanma bildirýärler. Onuň türkmen okyjylarynyň, kitap söýüjileriniň arasynda hem gyzgyn garşylanjakdygyna ynam bildirýäris. Çünki türkmen halky kitaba aýratyn söýgi bilen garaýar, ony geljekki nesillere miras galdyrmak üçin irginsiz tagalla edýär. Bu günki gün Gorkut ata diňe bir beýik türkmen şahsyýeti däl, eýsem, bütin türki dilli halklaryň görnükli akyldary hökmünde ykrar edilýär. «Gorkut atanyň» täze nusgasynyň türkmen elipbiýine geçirilmegi bolsa bu beýik şahsyýetiň adyny ebedileşdirmekde we onuň gymmatly pent-nesihatlaryny geljekki nesillere ýetirmekde örän uly ähmiýete eýedir.
Okalan sany: 3   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05298 sek. ýüklenen baýt: 31372