Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Koýçuman Momunkulow: «Gyrgyzystanda türkmen edebiýatyna uly sarpa goýulýar»
Ýazylan wagty: 08 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Koýçuman Momunkulow: «Gyrgyzystanda türkmen edebiýatyna uly sarpa goýulýar»
«Gyrgyzystanda türkmen edebiýatyna uly sarpa goýulýar» ― diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet kitap palatasynyň direktory Koýçuman Momunkulow Aşgabatda geçirilen halkara kitap sergisinde türkmen metbugatynyň wekillerine beren interwýusynda aýtdy:

— Terjime arkaly biz dünýä edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarys. Aslynda, terjime düşünişmegiň we maglumatlary alyşmagyň iň amatly usulydyr. Ýazyjylardyr şahyrlar tarapyndan ýazylýan goşgulardyr kyssa eserleri terjime arkaly dünýä ýaýraýar, öz okyjylaryny tapýar. Megerem, terjime bolmasa, ynsan durmuşy, şol sanda edebiýat hem diňe birsydyrgyn häsiýetde bolardy. Bu günki gün hut terjime we terjimeçilik işi arkaly dünýä belli akyldarlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň eserleri hemmeler tarapyndan söýlüp okalýar.

Biz Aşgabatda geçirilýän nobatdaky halkara kitap sergi-ýarmarkasynda dünýä meşhur ýazyjylaryň dürli dillere terjime edilen kitaplary bilen ýakyndan tanyşdyk. Sergini synlamaga gelýänler hem terjime edilen daşary ýurt edebiýatlaryna aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Munuň özi edebiýatyň we terjimäniň ynsanlary jebisleşdirýändigini, ýakynlaşdyrýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýar. Bilýänsiňiz, gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň eserleri türkmen okyjylary tarapyndan aýratyn söýlüp okalýar. Onuň eserleriniň türkmençä terjime edilen nusgalarynyň bardygy bizi buýsandyrýar. Şu günki sergide biz Çingiz Aýtmatowyň eserleriniň täze ýygyndysynyň rus dilinde çap edilen görnüşini görkezdik. Ol türkmen okyjylarynyň, kitap söýüjileriniň arasynda uly seslenme döretdi. Biz geljekde meşhur ýazyjynyň romanlarynyň türkmen dilinde terjime edilen nusgalarynyň sanynyň artjakdygyna uly ynam bildirýäris.

Şu ýerde türkmen ýazyjysy Agageldi Allanazarowyň goşgular kitabynyň Gyrgyzystanda çap edilendigini aýtmak isleýärin. Şeýle hem gyrgyz şahyry Baýdylda Sarnogoýewiň Türkmenistana bagyşlanan birnäçe goşgulary bar. Onuň «Türkmen dostuma», «Aşgabat» ýaly şygyrlarynda türkmen topragy, türkmen halkynyň mähribanlygy hakynda söz açylýar. Munuň özi türkmen-gyrgyz edebi gatnaşyklarynyň diňe ýönekeýje mysallarydyr. Emma şeýle ýönekeý hasaplanýan işleriň netijesinde has düýpli tutumlar kemala gelýändir, täze mümkinçilikler açylýandyr. Geljekde türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleriniň gyrgyz dilinde çap ediljekdigine we kitaply gatnaşyklarymyzyň has-da giňeldiljekdigine ynam edýäris.
Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07377 sek. ýüklenen baýt: 31723