Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Akyl terezisi
Ýazylan wagty: 08 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Oglanlykdan bir zada – akyly, düşünjäni ölçäp bolmaýandygyna gynanardym. Adamyň boýuny ölçäp, agramyny çekip bolýar. Aýagyň, kelläň ölçegi bar. Hatda, öýkeniň giňligini, ýüregiň näçe gan itekläp bilýändiginem ölçeýärler. Biliň inçeligi, döşüň giňligi, egniň ýasylygy... bu zatlar-a hasabam däl. „Wah, şularyň barynyň ýerine akylyňy ölçäp bolsady, bähbidi kän bolardy“ diýýän. Mysal üçin boýuň ösmese basketbol oýnaýaň, her gün ölçeýäň, ösdürmäge çalyşýaň, akylyň welin ösýäninem bileňok,  tesýäninem. Kim akylym az diýip, derde galyp,  äýnek dakynmaly bolýança gözüniň köküni gyryp kitap okap ýatyr. Kimiň bolsa parhyna-da däl, gaýşarlyp, öz-özüne çenalla baha kesip ýyrşaryp ýör. Ýyrşarany ýene ýagşy, akyl öwredibem otyr. Şonda „Hany, dur-la haw, başyň çykmaýan zadyň gürrüňini edip akyl satyp otyrsyň welin, gel, akylymyzy, düşünjämizi ölçeşeli-le“ diýjek gümanyň ýok. Daşyndan gören ýaly däl, oýlanyp otursaň şü ýagdaý gaty çetin.

Ilki-ilkiler mekdepde mugallymyň goýýan „bäşligi“ akyllydygyňy  aňladýandyr öýderdim. Şonuň üçin  ilki gowuja-da okaýardym. Soň görsem zybrym „bäşlige“ okaýanlar gaýta käbir durmuşy meselelerde „kütek“, „gepe düşmez“ bolup dur. Muňa göz ýetirenimdenmi, dälmi, ony anyg-a aýdyp biljek däl welin, „bäşlikçi-hä“ bolmadym.

Bir döwür,  Spasskiý, Petrosýan, Fişer dagyň dünýäň çempionlygyna dalaş edýän ýyllary,  millet küşt oýnuna gyzypdy. Menem „akylyň terezisi küştdir“ diýip pikir etdim. Sebäbi küştde diňe kelläňi işletmeli, boýuňdan, agramyňdan peýda ýok. Patyşaň ýatýa welin, kelläň işleýşi aýyl-saýyl bolup dur. Emma Fişeriň ýaryşa gidende öz kürsüsine çenli ýany bilen alyp gidişi, yrsaramaga baryp ýetýän ynjyklygy, aslynda, küştden başga hiç hili sowadynyň hem ýokdugy barada okamda, küştdenem göwnüm geçdi. Onsoňam heniz murty-da tabamadyk oglanjyk saçy agaran ýaşula „şaň ýatdy“ diýen bolup otyr. Çal kelle-de  gahar bilen içini hümledýär. Muňa näme diýjek?!

   Bir ýaşulyň gyzlarynyň akylyny ölçeýşi hakyndaky eşiden gürrüňim hiç ýadymdan çykanok. Onuň dörtmi, bäşmi basdaş gyzy bar eken. Olam akyly ölçemek meselesi bilen başyny agyrdan adam bolarly, okap oturan gazedini ýere ýazypdyr-da „Hany, gyzlam, siziň akylyňyzy çekip görjek, şu gazetiň üstüne münüň“ diýipdir. Gyzlary ylgaşyp biri-birinden öňürti gazete münmäge dyrjaşypdyr welin, iň kiçi gyzy „Gazet bilenem akylyňy çekip bolarmy?“ diýip, gyra çekilipdir. Ýaşuly şeýdip olaryň akylyny ölçäpdir. Bu-da bir usul.

   „Özüni bilen weli“-de diýýändirler welin, adam,  azda-kände özüne belet mahluk bolaýmasa? Hakyna seredeňde her kimiň içinde öz akylynyň agramyny çekip  oturan  „terezi“ bar ýaly. Ýöne şol tereziniň her kimde birhili işleýşi geň. Bir jahyl bazardan    syratyna gelşip duran köýnek alyp bilendigi üçin, özüni akylly saýýar. Ýene biri, mekdepde nähili okandygy ýadyna düşenok, egninden biline tarap aýlanyp gidýän „UÇURYM-2006“ diýlip ýazylan ak lentany dakynsa akylyň aňrybaşyna çykandyryn öýdýär. Söwda-satykda ýa ýene şoňa meňzeş bir işde „aldap“ bileni üçin akylyndan göwnühoşlaram kän. Başga biri hökman aýdylmaly hakykaty aýtman dilini dişläp „akyllylyk“ etmegi başarany üçin, gazanan „bähbidini“ ýatlap özüniň „akylyna“ guwanýar. Käsi bolsa meň ýaly iliň terezisini derňäp oturany üçin özüni, akyldarlaryň diýmäýin welin, akyllylaryň hataryna goşmaga howlugýar. Ýogsa ol „Akyly ölçäp bolsady“ diýip ahmyr edip oturman „Şuny ölçäp bolmaýanam gowy zat. Ölçense syrym derrew açylardy“ diýip begenmezmidi?

Adam sanalgysyny ýaşandan soň ölýär, ony saklajak güýç ýok. Pahyr bolanyň boýundanam, syratyndanam, agramyndanam, güýjündenem, çemeçilligindenem... peýda ýok. Olaryň ählisi hamala bolmadyk ýaly. Diňe akylynyň agramyna  daýanyp, eden hereketlerine, bitiren ýa-da bitirmedik işlerine görä gymmaty bilinýän ömri bar ýanynda... 
Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05998 sek. ýüklenen baýt: 33390