Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Özümden uly penjegim
Ýazylan wagty: 08 ноября 2019 Ýazan NEXTTM

Reý Bredberide şeýle setirler bar:
-          Men öz arzuwyma çenli ösüp bilmedik adam.

-          O näme diýdigiň bolýar?

-          Bu diýdigim, Dug, entek ýaş oglankam özüme eşigi göwrämden uly tikerdim. Ahyrynda-da asylgy duran iň gowy penjegime çenli ösüp bilmedim. Bolasym gelen adam bolmagy başarmadym.

Bu setirleri okap, başymy tutup oturşyma içimden: „Haý, gardaş! Penjegi iliň biçişi ýalyrak biçäýseň bolmadymy?“ diýdim, emma şonda-da ýüregim ýerine gelmedi. Käwagt barmaklaň birine ýara çykar, senem ony ýarasy gutulýança ynjytmajak bolup gorarsyň, emma edil bilgeşleýin edilýän ýaly ýa özüň ony bir zada degrersiň, ýa-da biri gelip deger. „Wah, ýaramyň üstüne basaýdyň“ diýlenem söz bardyr. Menem häzir şeýle halda. „Näme üçin arzuwlaryyma ýetip bilmedimkäm?“ diýip, öz-özümi iýip ýörenim az ýaly, gözüme şu setirler ilýär.

Ýara ezizlemek, goramak bilen gutulmaýar, oňa gijem bolsa melhem gözleýän. Eýsem, näme üçin arzuwlaryma ýetip bilmedimkäm? Sapalak atman bu sowala jogap bermek kyn. Onuň iň dogry, ýeke-täk jogaby „Özüňde derek ýokdur.“ Bu jogap köplere melhem. Gör, näçämiz özümize bu dogry jogaby berip, şol arzuwymyzdan jyda düşýäris, has anygy ony öldürýäris – ýasynam tutamyzok. Belki, Bredberi onuň ýasyny tutany üçin ýokarky setirleri ýazandyr?!

„Beýle agyr sözleri diline alyp, kösenýär welin, onuň arzuwy nämedikä?“ diýýänsiňiz. Adam bilesigeliji mahluk-da. Bilesigelijiligiňizi kanagatlandyraýyn. 13-14 ýaşlarymdakam öýümizde biri bilen tanyşdym, oňa aşyk boldum, ulalsam şol bolasym geldi. Ol agalarymyň biriniň jan ýaly dostudy, mendenem 10-12 ýaş uly. Emma başarmadym.

Bilýän, siziň lapyňyzy keç etdim. Siz şeýle üýtgeşik arzuwa garaşansyňyz. Dagy bolmanda uçarman bolmagy arzuw eden bolsam. Ýok hiç wagt uçarman bolmagy arzuw etmedim, özümiň hiç bir araçysyz, uçarsyz uçasym geldi.

„Ýeri bolýar, näme üçin? Näme sebäpden uçup bilmediň?“ diýip sorajagyňyz görnüp dur.

Okuwymy tamamlap, diplomymy elime alyp, ýaňy işe başlan ýyllarymdy. Edarada ýeke özümdim. Telefon jyňňyrdady.

-          Men pylany. (Ol işleýän edaramyň ministridi)

-          Salowmaleýkim.

-          Saglykmy?

-          Hudaýa şükür.

-          Ýöne şükür diýeňde bolanokmy?

-          Bolar, pylan aga...

Hawa, şeýleräk gürrüň boldy. Şol günden başlap, özümdäki arzuwymyň aýaklaryny güýlüp, ganatlaryny gyrkyp başlanymy häzir bilýän. O ýaşymda bolsa arzuw diýlen zady, janpenalaryň goraýşy ýaly, hatyrjem goramalydygyny näbileýin?!

Aslynda welin, adam arzuwyna ýetmek üçin ony goramaly eken. Ony goraýan hem mertebe duýgusy eken. Mertebäňi saklap bilmeseň, ýa-da oňa kembaha seredip, äsgermezçilik etseň, arzuw etjegem bolup ýörmeli däl eken.

Emma boýnyýogynlyk, tekepbirlik diýlenem bir zatlar bar. Bular hem mertebe ýaly görünýär. Mertebäňi boýnyýogyn bolmasaň, tekepbir bolmasaň, gorap bolmajak ýaly. Tekepbir bolsaňam halanaňok, mertebesini gorajak bolýanam beýle söýlüp baranok. Belki, şondandyr, bularyň arasyndaky serhedi tapmak kyn. Ýasama ýylgyrdym, hatda gülenem boldum, tekepbir diýdirmejek bolup, „bolar“ diýdim boýnyýogyn görünmejek bolup, şol wagt bolsa mertebämi depeleýänimi duýmandyryn.

Ýene-ýekeje sowal: „Mertebäňi saklajak bolsaň näme etmeli? Kiçi göwün, pespäl bolmalymy? Özüňe laýyk penjek biçmelimi?“

Elliden aşan ýaşym jogap berýär: „Ýok. Mertebäňi saklamak üçin tekepbir bolmaly däl – utanmaly. Sende bokurdagyň ölçeginden has uly, ýuwdup bolmaýan utanç duýgusy bolmaly. Sen indi giç diýme, utanmak hiç haçan giç däldir.“
Okalan sany: 34   Jogaplar: ( 2 )

NEXTTM
09 ноября 2019


NEXTTM
09 ноября 2019

Men haladym


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07036 sek. ýüklenen baýt: 36335