Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Albert Eýnşteýn we onuň üstünligi
Ýazylan wagty: 08 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
1879-njy ýylda nemes ýewreý maşgalasynda dünýä inen Albert Eýnşteýn çagalyk ýyllarynda geplemekde kynçylyk çekipdir. Bu kynçylyk bilen bir hatarda okuwda hem kän bir keýpiçag bolmandyr. Mekdebine we dostlaryna öwrenişibilmändir. Geň soraglar sorar eken. Mugallymlary geň soraglary soraýan Eýnşteýn bilen gaty ysnyşybilmändirler.

Maşgalasynyň işleri ugruna bolman başlanda, Germaniýadan Italiýa, ol ýerden hem Şweýsariýa gidýärler. Eýnşteýn Şweýsariýada döwlet politehniki mekdebe girmegi başarýar we bilimini ol ýerde dowam etdirýär. Nemes raýatlygyndan hem çykyp, ömrüniň soňuna çenli Şweýsariýanyň raýaty bolup dowam edýär.

Eýnşteýn bu mekdepde-de öňküsinden tapawutly bolmaýar. Sapaklary bilen kän bir seri bolmaýar we öz başyna gezip ýörüberýär. Tejribeler geçirýär. Öz isleýşi ýaly ýaşaýar. Mugallymlaryny ýadadýar. Bir mugallymyň kömegi bilen mekdepden şahadatnamasyny alýar we uçurym bolýar. Emma uçurym bolan badyna iş tapmaýar. Daş-töweregindäkilere goşmaça sapak berýär we şeýdip hem gününi dolaýar. Soňra Bern patent institutynda işe başlaýar. Bu ýere ugradylan täze açyşlary ýakyndan synlamak mümkinçiligini gazanýar we edýän işinden lezzet almaga başlaýar. Kemçiliklerini tamamlap, fizika tematikaly ýazgylar ýazyp ugraýar. Statistiki hereket we ýylylyk dinamikasy temalary bilen atomyň göwrümini hasaplamakda täze ýollary öňe sürýän makalalary ýazýar.

Ondan soňra “Hereket edýän jisimleriň dinamikasy barada” atly makalasy bilen fizikanyň we pelsepäniň düýpgöter üýtgemegine sebäp bolýar. Eýnşteýn patent edarasyndan soň Pragada we Zýurihde akademiki wezipelerde işleýär. Ahyrsoňy Berlin uniwersitetindäki professorlyk teklibini kabul edýär. 1916-njy ýylda umumy görälik teoriýasyny çap edýär. Eýnşteýn bu teoriýasynyň dogrulygyna doly ynanýardy we barlaglaryň geçirilmegini isleýärdi. Geçirilen barlaglar hem Eýnşteýni goldaýar we şeýlelikde ol üstünlige ýetýär. Teoriýanyň subut edilmegi netijesinde indi ony tutuş dünýä tanaýar. 1922-nji ýylda Eýnşteýne fotoelektrik temasy boýunça eden işleri üçin Fizika boýunça Nobel baýragy berilýär.

Tejribelerinde we teoriýalarynda kän bir goldaw tapmasa-da, Eýnşteýn hiç haçan yza tesmedi. Dogrudygyna ynanan pikirlerinden el çekmedi. Höwesi hiç haçan egsilmedi. Köp wagtyny ýalňyz geçirdi, ýöne ol özüne hemişe ynandy.

Terjime eden Hekimowa O.
Okalan sany: 7   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07379 sek. ýüklenen baýt: 32086